Аwtoulaglara ýangyç guýujy beket işe girizildi

18:2416.02.2016
0
5852

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Ata oba geňeşliginde ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan we iň ýokary hil talaplaryna laýyk gelýän awtoulaglara ýangyç guýýan häzirkizaman stansiýa işe girizildi. Tejen – Sarahs gara ýolunyň ugrunda ýerleşen täze AÝGS gije-gündiziň dowamynda dürli kysymly awtoulaglaryň 750-den gowragyna ýangyç guýmaga niýetlenendir.

Täze stansiýada ýangyç guýýan häzirkizaman enjamlary oturdylyp, olar ýeňil hem ýük awtoulaglaryna, awtobuslara we beýleki tehnikalara awtomobil ýangyjynyň dürli görnüşlerini — A-80, A-92 we A-95, şeýle hem, dizel ýangyjyny tiz guýmaga hem-de ýokary hilli hyzmat etmäge mümkinçilik berýär. Ikitaraplaýyn amatly girelgeleri ýangyç guýýan dört sany enjama birbada sekiz awtoulaga hyzmat etmäge mümkinçilik berýär.

Täze stansiýada ýangyjy saklamagyň hem-de ony guýmagyň tehnologiki tapgyrlary dolulygyna kompýuterleşdirilip, ähli howpsuzlyk talaplaryna, şol sanda ýurtda gurlup ulanylmaga berilýän ähli obýektler üçin iň ilkinji nobatda durýan ekologiki talaplara laýyk gelýär.

Şeýle-de, bu ýerde awtoulaglara tehniki taýdan hyzmat etmäge niýetlenen nokadyň bolmagy sürüjiler üçin goşmaça amatlyklary döredýär.

AÝGS-iň gurluşygyny «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň hojalyk hasaplaşygyndaky Abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň Ahal welaýat bölüminiň hünärmenleri amala aşyrdy. Awtoulaglara ýangyç guýýan stansiýanyň gurlup ulanylmaga berilmegi şol ýeriň sürüjileriniň ýangyç bilen üpjünçiligini has hem ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Täze AÝGS — Sarahs etrapynda häzirki wagtda hereket edýän awtoulaglara ýangyç guýýan dört stansiýanyň biridir. 2015-nji ýylda «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň hünärmenleriniň zähmeti netijesinde Türkmenistanyň Ahal, Mary, Lebap we Balkan welaýatlarynyň dürli etraplarynda 10 sany täze AÝGS gurlup ulanylmaga berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň