Soňky habarlar

Arhiw

TOPH gaz geçirijisiniň işi dowam edýär

17:1008.02.2016
0
1920

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 5-nji fewralyndaky mejlisinde 2016-njy ýylyň birinji aýynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň kärhanalarynda alnyp barlan işleriň netijeleri we “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmek maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berildi.

Nebiti we gaz kondensatyny, tebigy hem-de ugurdaş gazy çykarmak, guýulary burawlamak, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işlemek, awtomobil hem-de dizel ýangyjynyň polipropileniň, çalgy ýaglarynyň, suwuklandyrylan gazyň we beýleki nebithimiýa önümleriniň önümçiligi boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy. Şeýle  hem wise-premýer Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýetimizde nebitgaz toplumyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, pudaklardaky ähli serişdeleri seljermegi, nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny, gaýtadan işlenilişini artdyrmak üçin bar bolan mümkinçilikleri herekete girizmegi talap etdi.

Milletiň Lideri Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny, ýangyç-energetika toplumynyň maddy enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we nebitgaz pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň