Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Geologiýa, seýsmiki durnukly gurluşyk we seýsmologiýa institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
«Resminama laýyklykda, bu maksatnama onlarça ylmy ugurlary öz içine alýar» diýip, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň direktory Güljemal Saryýewa «Нейтральный Туркменистан» gazetinde çap edilen makalasynda mäli etdi.
Täjigistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň seýsmologlarynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk esasynda baý tejribe toplandy. Şonuň netijesinde-de uly şäherler üçin seýsmiki töwekgelçiligi bahalandyrmak, azaltmak, sebitdäki seýsmiki gözegçiligi guramak boýunça tejribeleri paýlaşmak, güýçli ýer titremelerini öňünden çaklamak we dürli innowasion tehnologiýalaryny ulanyp, durmuş we ykdysady zyýany azaltmak üçin çäreleri guramak, güýçli ýer titremeleriň merkezi zolaklarynda seýsmiki gözegçilik ulgamlarynyň çalt ýerleşdirilmegini gazanmak meseleleri juda ähmiýetlidir.
«Häzirki wagtda Türkmenistan seýsmologiki gözlegler boýunça üstünlikli iş alyp barýar. Türkmen alymlary daşary ýurtly kärdeşleri bilen özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge hemişe taýýar. Bu ugurda Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Geologiýa, seýsmiki durnukly gurluşyk we seýsmologiýa instituty bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi hem birnäçe möhüm meseleleri öz içine alýar» diýip G.Saryýewa öz makalasynda belleýär.
Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Täjigistan Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäginde birnäçe ikitaraplaýyn resminalara gol çekendigini hem bellemelidiris.