Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly mekdep okuwçysy «MGIMO-nyň Parlament modeli» atly bütinrussiýa taslamasyna gatnaşdy

10:1911.04.2024
1
16426

Türkmenistanly okuwçy IV MGIMO parlament modeline GDA-nyň ýeke-täk gatnaşyjysy boldy

A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Anna Orlowa GDA ýurtlaryndan «MGIMO-nyň Parlament modeli» bütinrussiýa taslamasynyň soňky açyk tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan ýeke-täk mekdep okuwçysy boldy.

Bu ýyl bu çärä Russiýanyň dürli şäherlerinden we daşary ýurtlardan 1500 töweregi ýaşlar gatnaşdy. «IV Parlament modeli 2023/24» çäresiniň dabaraly ýapylyşy 5-nji aprelde geçirildi.

Taslama gatnaşyjylar durmuş-ykdysady, syýasy we hukuk meseleleri boýunça 13 sany ýöriteleşdirilen komitetde dört günläp işlediler. Olaryň işine MGIMO-nyň mugallymlar toparynyň hünärmenleri, jemgyýetçilik we hökümet işgärleri gözegçilik etdiler.

Taslama iki tapgyrda amala aşyryldy. Ilki bilen, gatnaşyjylar meşhur parlamentariler we hökümet işgärleri tarapyndan onlaýn leksiýalary diňlediler, soňra bolsa test synagyny tabşyrdylar. Talyplar üçin okuw seminary görnüşinde geçirilen ikinji, ýüzbe-ýüz tapgyra diňe iň gowulary kabul edildi. Bu ýerde ýigitler häzirki meseleler boýunça kanun taslamalaryny taýýarlap, 5 günüň dowamynda parlamentiň işiniň modelini döretdiler.

Anna Orlowa bikanun ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreş we wirtual aktiwler arkaly terrorçylygy maliýeleşdirmek meseleler ara alyp maslahatlaşylan howpsuzlyk we korrupsiýa garşy komitetiň agzasy bolup çykyş etdi. Taslamanyň üstünde bilelikde işlemek gatnaşyjylara degişli meseleleri has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berdi.

Ýeri gelende bellesek, «MGIMO-nyň Parlament modeli» ýaşlar üçin kanunçylyk işine has giň düşünmek we gymmatly tejribe toplamak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň