Türkmenistanyň sport wekiliýeti Katarda boldy

13:0801.02.2016
0
4801

2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň wekiliýeti Kataryň paýtagty Doha şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

Bu ýerde geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň esasy wezipesi iri sport çärelerini guramakda, sport desgalaryny we degişli hünärmenleri taýýarlamak işinde hyzmatdaşlygy ösdürmek boldy. Bu ulgamda Kataryň baý tejribesi bar. 2006-njy ýylda Dohada XV Aziýa oýunlary geçirildi, ýurtda her ýyl awto-moto ýaryşlar, sportuň suw görnüşi boýunça ýaryşlar, tennis, ýeňil atletika, ýelkenli gämi ýaryşlary we beýleki uly sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär.       

Häzir Katar 2022-nji ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmek üçin iň döwrebap stadionlary we beýleki infrastrukturalary döretmek boýunça ägirt uly gurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirýär.

 Ýurdumyzyň wekiliýeti bilen bolan duşuşyklarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Katary jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak üçin sporty ösdürmeklige netijeli serişde hökmünde birmeňzeş garaýyşlar özara baglanyşdyrýar. Bu babatda ýurtlarda birek-birekden öwrenere zat kän.

 Kataryň Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylary bilen bolan duşuşykda hünärmenleri alyşmak, sport desgalarynyň menejerleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin okuwlary we işleri guramak mümkinçiliklerine seredildi.

Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň wekilleri bilen bolan gepleşiklerde Aşgabatda Aziada—2017-ä taýýarlygyň gidişine garaldy. Hususan-da, oýunlaryň maksatnamasyna girýän sportuň 21 görnüşi ylalaşyldy, myhmanlary ýerleşdirmek, ulag, türgenleri we sport wekiliýetlerini lukmançylyk hyzmaty bilen üpjün etmek, ýaryşlara hyzmaty we marketingi ýola goýmak meselelerine garalyp geçildi. Şeýle hem meýletinçiler bilen işlemek, teleradio alyp görkezilişini we eşitdirilişini guramak hem-de beýleki meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň bilermenleri Aziýa oýunlaryna taýýarlyk boýunça Aşgabatda alnyp barylýan işlere oňyn baha berdiler. Şeýle iri halkara ýaryşlarynyň geçirilmegi örän uly tagallalary talap edýär. Ýöne, taýýarlyga döwlet derejesinde ýokary üns berilmegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu köptaraplaýyn işi        hut özüniň berk gözegçilikde saklamagy 2017-nji ýylyň oýunlarynyň diňe bir giň göwrümli bolmak bilen çäklenmän, eýsem, şeýle ýaryşlaryň tutuş taryhynda iň ajaýyp dabara boljakdygyna hiç hili şek-şübhe goýmaýar. Bu bolsa Aziýa sebitinde we tutuş dünýä ýüzünde halkara sport hereketini ösdürmäge Türkmenistanyň möhüm goşandy bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň