Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«ITEA» birnäçe ugur boýunça programmirleme okuwlaryny hödürleýär

13:4602.04.2024
0
8019

Tehnologiýalar dünýäni özgerdýär, bu üýtgeşmeleriň hereketlendiriji güýji bolsa programmistler. Türkmenistandaky «ITEA» okuw merkezi IT dünýäsiniň hünärlerini çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berjek programmirleme okuwlaryny hödürleýär.

Web saýtlary we mobil programmalary, oýunlary hem-de emeli aň tehnologiýalaryny döretmek isleýärsiňizmi?

«ITEA» IT akademiýasy Python, Java, C++, JavaScript hem-de C# programma dillerinde giňişleýin bilimleri we amaly endikleri özleşdirmäge kömek eder.

Grafika bilen gyzyklanýarsyňyzmy?

Grafiki dizaýnda, UI/UX dizaýnda we Blenderde 3D modellemek kurslary bilen başarnygyňyzy kämilleşdiriň.

«ITEA» okuwlaryny tamamlanlar sanly meseleleri çözmek bilen, hakyky taslamalaryň portfoliosyny döredip bilerler.

«ITEA» şulary hödürleýär:

  • elýeterli bahalar we tölegiň dürli hili görnüşleri;
  • amatly okuw formaty: onlaýn ýa-da oflaýn.

Okuw döwründe öwrenijiler islendik wagtda tejribeli mugallymlaryň we halypalaryň kömegine bil baglap bilerler.

Ýüztutmalary şu görnüşlerde goýup bilersiňiz:

  • şu salgylanma arkaly onlaýn;
  • telefon belgileri arkaly: (+993 63) 42 67 51, (+993 63) 47 11 92.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň