Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň serkerdelerine, esgerlerine, gullukçylaryna we harby talyplara Gutlagy

10:4627.01.2016
0
8967

Hormatly Watan goragçylary!

Siziň ähliňizi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 24 ýyllygy hem-de Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda bellenýän bu baýram döwletimiziň öz Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylaryna örän jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde bildirýän uly ynamynyň, çäksiz hormatynyň we olar hakda edýän aladasynyň aýdyň nyşanydyr. Siziň harby borjuňyzy hemişe päk ýürek bilen ýerine ýetirjekdigiňize, Watana wepalylygyň, harby kasama ygrarlylygyň belent nusgasyny görkezjekdigiňize, türkmen halkynyň watansöýüjilik, gaýduwsyzlyk, mertlik ýaly asylly däplerini mynasyp dowam etdirjekdigiňize berk ynanýaryn.

Eziz Watanymyzyň wepaly ogullary!

Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy we baý milli harby mirasy bar. Merdana halkymyzyň bu gymmatly mirasy milli buýsanjymyzdyr. Siz dine bir ýurdumyzyň taryhynda däl, eýsem dünýä taryhynda hem öçmejek yz galdyran Oguz han, Togrul beg, Çagry beg, Görogly beg, Alp Arslan, Soltan Sanjar ýaly türkmen halkynyň beýik ogullaryna, gaýduwsyz gerçeklerine buýsanmaga doly haklysyňyz.

Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlygy syýasatyny gyşarnyksyz alyp barýar. Şol bir wagtyň özünde özbaşdak döwlet hökmünde öz Ýaragly Güýçleriniň ýokary goranyş kuwwatyny saklamaga, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, ýokary hünärli harby işgärleri taýýarlamaga gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamany yzygiderli durmuşa geçirýär. Milli goşunymyz parahatçylygyň, ýurdumyzyň howpsuzlygynyň bähbitlerine, halkymyzyň abadan durmuşyny we erkin döredijilikli zähmetini goramaga hyzmat edýär. Bu ýörelgeler oňyn Bitaraplyk derejesine esaslanan hem-de diňe goranmak häsiýetine eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynda öz aýdyň beýanyny tapýar.

Şoňa görä-de, siz ýurdumyzyň harby howpsuzlygyny we çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň ýörelgelerini, maksatlaryny we wezipelerini gündelik harby gullugyňyzda gyşarnyksyz berjaý etmelisiňiz. Harby ylmyň we harby sungatyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda toplanan tejribesini yzygiderli özleşdirmelisiňiz. Watansöýüjiligiňiz, harby kasama we harby borja wepalylygyňyz hem-de ak ýürekliligiňiz bilen uly at-abraýa, belent mertebä mynasyp bolmalysyňyz.

Garaşsyz Watanymyzyň edermen gerçekleri!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli goşunymyz merdana ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini, halkymyzyň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda kemala gelen harby tejribesini we harby sungatyny dowam edip, kämilleşdirip, ýokary söweşjeň ukyba eýe bolan goranmak häsiýetli goşuna öwrüldi, onuň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyryldy. Üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli harby özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzda milli harby hünärmenleriň täze nesli kemala geldi, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyryldy.

Döwletimiz geljekde hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge we döwrebaplaşdyrmaga, harby işgärleri taýýarlamaga, şeýle hem berkarar Watanymyzyň edermen goragçylarynyň göwnejaý gulluk etmegi we olaryň maşgala agzalary üçin amatly durmuş şertlerini döretmäge aýratyn üns berer.

Merdana Watan goragçylary!

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramy bellenip geçilýän Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda siziň öňüňizde möhüm we jogapkärli wezipeler durýar. Siziň bu wezipeleri üstünlikli amala aşyrjakdygyňyza, eziz Diýarymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly goşant goşjakdygyňyza berk ynanýaryn!

Sizi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 24 ýyllygy hem-de Watan goragçylarynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, mukaddes harby gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň  Belent Serkerdebaşysy                                                   

Gurbanguly Berdimuhamedow. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň