Soňky habarlar

Arhiw

2015-nji ýylyň iň gowy futbolçysyny yglan etmek bäsleşigi başlady

00:1025.01.2016
0
4521

Hormatly okyjylarymyz!

Ozal hem habar berşimiz ýaly, saýtymyz okyjylarymyzyň ses bermeginde 2015-nji ýylyň netijeleri boýunça ýylyň iň gowy futbolçysyny yglan etmek bäsleşigini geçirýär. Ses berlişik biziň sosial-aragatnaşyk ulgamlaryndaky sahypalarymyzda şu gije, ýagny 25-nji ýanwaryň ilkinji sekuntlaryndan başlap ýerleşdiriler. Siz 25-njy ýanwardan 31-nji ýanwara geçilýän gije sagat 00:00-a çenli öz halaýan futbolçylaryňyza ses berip bilersiňiz.

Ses berlişik şu salgylarda geçiriler:

LINE ID: @tpsport

https://ok.ru/tpsport

https://vk.com/sporttp

Futbolçylara berlen sesler şu tertipde hasaplanylar:

Mysal üçin, Süleýman Muhadowa «Line» sosial-aragatnaşyk ulgamynda 30 ses, «wkontakda» 50 ses we «odnoklassnikde» 20 ses berlen bolsa, futbolçynyň ähli gazanan sesleri jemlener we bäsleşikde Süleýman Muhadow 100 ses aldy diýlip hasap ediler. Şonuň üçin hem, biziň sosial-aragatnaşyk ulgamlaryndaky sahypalarymyz arkaly halaýan futbolçyňyza ses bermeklige işjeň gatnaşmagyňyzy haýyş edýäris.

 

Biz sizi ses berilmeli futbolçylaryň sanawy bilen ýene bir gezek tanyşdyrýarys:

  • Ahmet Ataýew («Altyn asyr»)
  • Süleýman Muhadow («Altyn asyr»)
  • Mämmet Orazmuhamedow («Altyn asyr»)
  • Şöhrat Söýünow («Altyn asyr»)
  • Bahtiýar Hojaahmedow («Altyn asyr»)
  • Umidjan Astanow («Altyn asyr»)
  • Mekan Saparow («Balkan»)
  • Myrat Ýagşyýew («Balkan»)
  • Serdaraly Ataýew («Balkan»)
  • Aşirgeldi Ylýasow («Balkan»)
  • Berdi Şamyradow («Aşgaba»)
  • Ruslan Kurbanow («Aşgabat»)
  • Hemra Amanmämmedow («Şagadam»)
  • Ýewgeniý Tkaçenko («Şagadam»)
  • Nikita Gorbunow («Ahal»)
  • Altymyrat Annadurdyýew («Ahal»)
  • Süleýman Orazow («Ahal»)
  • Nurýagdy Muhammedow (HTTU)
  • Wezirgeldi Ylýasow (HTTU)
  • Guwanç Abylow («Hazyna»)
  • Didar Durdyýew («Hazyna»)
  • Ilýa Tamurkin («Merw»)
  • Sohbet Allanurow («Merw»)
  • Kerim Hojaberdiýew («Energetik»)
  • Mekan Nasyrow («Energetik»)
  • Hamza Allamow («Daşoguz»)
  • Merdan Galpakow («Daşoguz»)
  • Ruslan Mingazow («Ýablones», Çehiýa)
  • Artur Geworkýan («Nasaf», Özbegistan)
  • Arslanmyrat Amanow («Almalyk», Özbegistan)
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň