Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynda suw hojalyk desgalary ulanmaga berler

22:5424.01.2016
0
1380

Ahal welaýatynda suw hojalyk desgalary gurlup, ulanmaga taýýar edildi. Täze toplumy Altyn asyr we Kaka etraplarynda täze özleşdirilen  ekerançylyk meýdanlaryny suw bilen üpjün eder. Ýerine ýetirilen işleriň çäklerinde Garagum derýasyndan ekerançylyk meýdanlaryna suw geçirijiligi eltiji akabanyň hem-de suw göteriji bekediniň gurluşygy ýerine ýetirildi. Bu suw göteriji bekediniň suw sorujy enjamlary Garagum derýasynyň derejesinden ýokarda ýerleşýän ekin meýdanlaryna suwuň ýeterlik möçberde berilmegine mümkinçilik berer. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 22-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň