Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki Ýörite iş toparynyň nobatdaky 43-nji mejlisini geçiriler

11:3723.01.2016
0
2199

Şu ýylyň 27-29-njy ýanwary aralygynda Aşgabat şäherinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýasyny  işläp taýýarlamak boýunça hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki Ýörite iş toparynyň nobatdaky 43-nji mejlisini geçiriler.

Nobatdaky mejlisde  2015-nji ýylda geçirilen işleriň jemlerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem türkmen tarapynyň bu täsin tebigy suw howdanynyň bioserişdelerini gorap saklamaga, köpeltmäge hem-de rejeli peýdalanmaga, onuň ekologiýa howpsuzlygynyň berjaý edilmegine we özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tekliplerini hasaba almak bilen toparyň ýakyn geljek üçin işiniň wezipelerini we ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek göz öňünde tutulýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň