Soňky habarlar

Arhiw

2016-njy ýylda 2 müň tonna pile öndürmek meýilleşdirilýär

09:4219.01.2016
0
1219

Türkmenistanda ýüpekçilik pudagyny yzygiderli ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberlerini has-da artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine we welaýatlaryň häkimliklerine 2016-njy ýylda 2000 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda — 155 tonna, Balkan welaýatynda –25 tonna, Daşoguz welaýatynda — 470 tonna, Lebap welaýatynda—950 tonna, Mary welaýatynda — 400 tonna çig pile öndürmek boýunça tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bellenildi.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça baş ylalaşyklary baglaşmaga, ministrligiň garamagyndaky “Türkmenýüpek” paýdarlar jemgyýetiniň üsti bilen welaýatlaryň daýhan birleşiklerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumynyň zerur mukdary bilen üpjün etmäge borçly edildi.

Welaýatlaryň häkimliklerine şu Karara laýyklykda, pile öndürmek boýunça borçnamalaýyn tabşyryklaryň doly möçberde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň