17-nji ýanwarda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän Halkara atçylyk sport toplumynyň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Gökdepe etrabynda Kärizek geňeşligini döretmek we onyň düzümine Aba Annaýew obasyny girizmek hakyndaky kararyndan gelip çykýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatda bellenilişi ýaly, Halkara atçylyk sport toplumynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän 600 bedewe niýetlenen athana, çapuw ýodajyklary we beýleki desgalar göz öňünde tutulandyr. Mundan başga-da bu ýerde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen seýisler üçin 114 maşgala niýetlenip ýaşaýyş jaý toplumy döredilýär, orta mekdep, çagalar bagy, medeniýet we saglyk merkezleri, dükanlar, çagalar üçin meýdançalar, jemgyýetçilik çäreleri üçin ýörite ýerler göz öňünde tutulandyr.
Häzirki zamanyň nusgalyk derejesine eýe bolan döwrebap oba öz ömrüni atşynaslyk sungatyna bagyşlan Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy gadymy döwürlerden bäri il içinde sarpalanýan hünär bolan atşynaslyga ykbalyny baglan adamlaryň buýsanjyny goşalandyrdy.
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen maslahat tamamlanandan soň, şanly waka mynasybetli toý sadakasy berildi.