Türkmenistanyň Prezidenti atly gezelenç etdi

00:4718.01.2016
0
3474

17-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  ahalteke bedewleriniň saklanylýan ýerine baryp, bu ýerde atly gezelenç etdi.

Döwlet Baştutany atçylyk sport toplumyndaky bedewler bilen didarlaşyp, Melehan atly bedewde çapuw ýodasyna çykyp, birsellem gezim etdi.

Gyş paslydygyna garamazdan, şu günler Aşgabatda we onuň töwereklerinde ýakymly howa saklanýar. Munuň özi atly gezelenç etmek üçin amatlydyr.  Döwlet Baştutany atly gezelenç edip barşyna bu künjegiň tebigy aýratynlygyny, ajaýyplyklary synlady. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň