Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň güni bilen gutlady

06:2423.03.2024
0
5760

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardarä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany hatynda Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini we mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny belläp, türkmen döwletiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, täze sepgitlere ýetirilmegine ygrarlydygyny beýan etdi.

“Biz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda ýola goýlan doganlyk gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýäris” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen döwletiniň Baştutany, mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Asif Ali Zardarä hem-de Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Pakistanyň doganlyk halkyna bolsa ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň