Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri geçiriler

02:2616.01.2016
0
2814

Şu ýylyň 2-4-nji fewraly aralygynda Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çäräniň çäklerinde “Türkmenistan” we “Watan” kinokonsert merkezlerinde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, Eýranyň sungat ussatlarynyň we folklor toparlarynyň konserti, eýran kinofilmleriniň görkezilişi, türkmen we eýran çagalar toparlarynyň bilelikdäki konserti guralar. Myhmanlar üçin ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklary bilen tanyşmagy hem-de paýtagtymyzyň gözel ýerlerine baryp görmegi özünde jemleýän medeni maksatnama taýýarlanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň