Soňky habarlar

Arhiw

Germaniýada Türkmenistanyň Ykdysadyýet güni geçiriler

02:2216.01.2016
0
3231

Şu ýylyň  5-nji fewralynda GFR-iň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýet güni geçiriler.

Bu çärä iki ýurduň döwlet toparlarynyň esasy edaralarynyň wekilleri, iri nemes kompaniýalarynyň  90-a golaýynyň ýolbaşçylary gatnaşar. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklary we geňeşmeleri geçirmek,  nemes işewürlerini Türkmenistanyň ykdysady hem-de eksport  kuwwaty, ýurdumyzyň daşary söwda we maýa goýum syýasaty,  innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça  wezipeler bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar. Türkmen wekiliýetiniň agzalary GFR-iň esasy kärhanalaryna hem baryp görer. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanynyň garamagyna GFR-de geçiriljek Türkmenistanyň Ykdysadyýet gününiň iş meýilnamasynyň  taslamasy hödürlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň