Şu ýyl 2 müň tonna pile öndürmek göz öňünde tutulýar

02:1116.01.2016
0
1629

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmenýüpek” paýdarlar jemgyýeti ýüpek gurçugyndan alynýan pile hasylynyň mukdaryny artdyrmak boýunça netijeli işleri amala aşyrýar. Bu ugurda görülýän çäreler ýüpegi gaýtadan işleýän kärhanalary gymmatly ýokary hilli çig mal bilen üpjün etmäge, olaryň öndürýän önümlerini içerki sarp edijilere ýerlemäge hem-de daşary ýurtlara ugratmaga mümkinçilik berýär.

Pudak üçin ýüpek gurçugynyň tohumynyň zerur bolan möçberini öndürmek maksady bilen, 2015-nji ýylda Türkmenabat şäherinde ýerleşen Lebap welaýatynyň “Welaýatýüpek” önümçilik birleşiginiň binýadynda bir ýylda 500 kilogram ýüpek gurçugynyň tohumyny öndürýän täze zawod guruldy. Ýakyn wagtda kärhana ulanmaga berler.

2016-njy ýylda 2 müň tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna; Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 470 tonna, Lebap welaýatynda 950 tonna, Mary welaýatynda 400 tonna möçberde pile öndürmek göz öňünde tutulýar. Bular baradaky önümçilik meýilnamasy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlendildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň