Dubaýda “Galkynyş — TOPH Pipeline Company Limited” ýapyk paýdarlar kompaniýasynyň edara binasy açylar

01:5416.01.2016
0
1642

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Türkmen döwletiniň Baştutanyna Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada hasabat berilmek bilen, häzirki wagtda taslamanyň türkmen bölegi boýunça potratçysy – “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň ýöriteleşdirilen ulaglary, enjamlary we turbalary täze energetika ulgamyň gurulýan ýerine getirýändigi, gaz geçirijiniň Türkmenistanyň çäginden geçjek ýerlerini arassalamak işlerini amala aşyrýandygy aýdyldy. Şunuň bilen bir hatarda, taslamany amala aşyrmagyň birinji tapgyrynyň çäklerinde gaz geçirijiniň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi bilen bagly meseleler çözülýär. Hususan-da, turba önümlerini getirmek üçin halkara bäsleşigi geçirildi. Dubaý şäherinde öňbaşçysy “Türkmengaz” döwlet konserni bolup durýan “Galkynyş — TOPH Pipeline Company Limited” ýapyk paýdarlar kompaniýasynyň edara binasyny bellige almak we açmak üçin zerur bolan resminamalary taýýarlamak işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.

Mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  degişli ýolbaşçylara bu iri energetika taslamany has-da ilerletmek hem-de dünýäde iri “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň üçünji nobatdaky desgalaryny gurmak bilen bagly işleriň depginini çaltlandyrmak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Bu gaz käni täze energetika ulgamyň serişde binýady bolup hyzmat eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň