Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

01:4116.01.2016
0
4392

15-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurduň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.

MejlisdeMinistrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa Türkmenistanyň döwlet standartlaşdyrmak we sertifikasiýalaşdyrmak ulgamlaryny, şeýle hem milli laýyklyk nyşany üçin döwlet standartlaryny  kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň alnyp barlyşy barada hasabat berip, döwlet Baştutanyna Dubaý şäherinde öňbaşçysy “Türkmengaz” döwlet konserni bolup durýan “Galkynyş — TOPH Pipeline Company Limited” ýapyk paýdarlar kompaniýasynyň edara binasyny bellige almak we açmak üçin zerur bolan resminamalary taýýarlamak işleriniň tamamlaýjy tapgyra gadam basandygyny habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ak ekinlere ideg işleri agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylýar. Hususan-da, ösüş suwy tutulýar, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýär we haşal otlara garşy göreş işleri dowam edýär

Şeýle hem ýurdumyzyň ekinlere zyýan berijilere garşy göreşmek boýunça ýöriteleşdirilen biokärhanalaryň 379-synda degişli çäreler görülýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyna gözegçilik edýän orunbasary B.Ereşow öz hasabatynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Türkmenýüpek” paýdarlar jemgyýetiniň ýüpek gurçugyndan alynýan pile hasylynyň mukdaryny artdyrmak boýunça işleri amala aşyrýandygyny belledi. Mejlisde habar berlişi ýaly, 2015-nji ýylda Türkmenabat şäherinde ýerleşen Lebap welaýatynyň “Welaýatýüpek” önümçilik birleşiginiň binýadynda bir ýylda 500 kilogram ýüpek gurçugynyň tohumyny öndürýän täze zawod guruldy. Ýakyn wagtda kärhana ulanmaga berler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow öz hasabatynda “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Howa gämileriniň hatarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen birlikde, ýerüsti binýat hem ösdürilýär. Lebap welaýatynyň Atamyrat hem-de Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherlerinde howa menzillerini halkara ölçeglerine laýyk getirmek göz öňünde tutulýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy 

P.Taganow   5-nji fewralda GFR-iň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýet gününi geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa 2-4-nji fewralda Türkmenistanda geçiriljek Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günlerine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary S.Toýlyýew Aşgabat       şäherinde 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň barşy hakynda habar berdi. Häzir iri sport çärelerini geçirmek babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar we esasy hünärmenler bilen guramaçylyk meseleleri, özara gatnaşyklaryň dürli görnüşleri işlenip taýýarlanylýar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça   milli parlamentiň alyp barýan işleri hakynda habar berdi. 

Milletiň Lideri  mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, soňky wagtda ýurdumyza beýleki döwletlerden aýry-aýry ýaramaz hilli harytlaryň getirilişiniň artandygyny aýtdy.

Şoňa görä-de, döwlet Baştutany ýurduň ýolbaşçylar düzümine Türkmenistana beýleki döwletlerden getirilýän önümleriň hiline gözegçilik çärelerini güýçlendirmek meseleleri boýunça maslahat geçirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek, hormatly Prezidentimiziň tutuş dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň bähbidine öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryny ilerletmek boýunça çäreler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň  mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň