Soňky habarlar

Arhiw

Bir ýylda teatrlarda 2 müňden gowrak sahna eseri, 370-e golaý täze kitap we beýlekiler

01:4710.01.2016
0
1763

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Türkmen döwletiniň Baştutanyna  hasabat berlişi ýaly, geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň edaralary tarapyndan 45 müňden gowrak dürli çäre geçirildi, muňa sergiler, türkmen halkynyň medeni mirasyny wagyz etmek, häzirki zaman sungatyny ösdürmek we bu ulgamda halkara gatnaşyklaryny giňeltmek, şeýle hem döwlerimiziň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreler  girýär. Olaryň hatarynda ýurdumyzda birnäçe döwletleriň Medeniýet günleri hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlarda geçirilen Medeniýet günleri, kino günleri hem-de beýleki bilelikdäki çäreler bar.

2015-nji ýylda Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanda geçirilen çärelere TÜRKSOÝ halkara guramasyna agza döwletleriň alymlarynyň, medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň ýüzlerçesi gatnaşdy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, muzeý işgärleri daşary ýurtlarda geçirilen ylmy maslahatlara, sergilere hem-de festiwallara gatnaşdylar. 

Ýurdumyzyň teatrlarynda sahna eserleriniň 2 müň 288-si görkezildi. Kitaphanalarda okyjylara hyzmat etmegiň häzirkizaman usullaryna geçmek hem-de kitap gaznalarynyň bitewi elektron ulgamyny döretmek boýunça işler amala aşyryldy.

Geçen ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 369 görnüşi, şol sanda nusgawy we döwürdeş ýazyjy - şahyrlarymyzyň eserlerini, çagalar üçin çeper edebiýaty, okuw kitaplaryny hem hasaba almak bilen umumy sany 5,8 million nusgalykdaky kitap önümleri çap edildi. “Galkynyş” kitap merkezi tarapyndan ýurdumyzyň kitaphanalaryna 381 müň 815 nusgalykdaky kitaplar  iberildi.

Döwürleýin metbugat boýunça umumy sany 145 million 180 müň  nusgalykda 27 gazet we umumy sany 4 million 535 müň nusgalykda 26 žurnal çap edildi. 2015-nji ýylda öňdebaryjy enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edilen Metbugat öýi toplumynyň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň neşirýat – çaphana pudagynyň ösüşinde ajaýyp waka boldy. Neşirýat gullugynyň hünärmenleri daşary ýurtlarda geçirilen çaphana önümleriniň sergilerine gatnaşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň teleradiogepleşikleriň hilini ýokarlandyrmak boýunça işi hem-de döwlet habarlar syýasatyny durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler barada habar berildi. Hususan-da, ýurdumyzda amala aşyrylýan möhüm ähmiýetli çäreler hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm wakalary barada habar beriş serişdelerinde öz wagtynda beýan edilmegini üpjün edýän Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň işi barada hasabat berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň