Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen türgenleri bir ýylda 411 medal gazandylar, syýahatçylyk boýunça ösüş bolsa 112 göterim

01:4410.01.2016
0
1939

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Türkmen döwletiniň Baştutanyna  hasabat berlişi ýaly, 2015-nji ýylda Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işinden alnan umumy girdeji 112, 2 göterim, gyzyl pul girdejisiniň möçberi 102 göterim artdy. 2015-nji ýylda 104,5 müňe golaý syýahatça hyzmat edildi we 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende 106,2 göterim ösüş gazanyldy.

2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Sport media forumy, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisi geçirildi. Türgenleri we meýletinçileri taýýarlamak babatda işler yzygiderli alnyp barylýar.

2015-nji ýylda türkmen  türgenleri halkara sport ýaryşlarynyň 162-sine gatnaşdylar hem-de jemi 411 medal—143 altyn, 98 kümüş we 170 bürünç medal gazandylar.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Daşary ýurtly sport hünärmenlerini işe çagyrmagyň meseleleri hakyndaky”  Kararyň taslamasyny hödürledi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasynda göz öňünde tutulýan sportuň 21 görnüşi we beýleki sport görnüşleri boýunça daşary ýurtly sport hünärmenlerini şertnamalaýyn esasda işe çagyrmagyň meseleleri degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen öwrenildi hem-de Türkmenistanda işlemek üçin çagyrylýan daşary ýurtly sport hünärmenleriniň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň we zähmetine hak tölemegiň Tertibiniň taslamasy taýýarlanyldy.

Soňra 2016-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul etmegiň sanlary boýunça Buýrugyň taslamasy hödürlenildi. Resminama Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ministrlikleriň, ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriň teklipleri esasynda taýýarlanyldy. Taslama laýyklykda, 2016-njy ýylda  aspirantura 18 adamy, kandidatlyk alymlyk derejesine dalaşgärlige 28 adamy, doktorlyk alymlyk derejesine dalaşgärlige 4 adamy, kliniki ordinatura 72 adamy kabul etmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň