2015-nji ýylda täze döwür üçin “Saglyk” döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy

01:4010.01.2016
0
2457

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Türkmen döwletiniň Baştutanyna  hasabat berlişi ýaly, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagy 2015-nji ýylda uly üstünliklere eýe boldy. 2015-nji ýylda täze döwür üçin “Saglyk”  döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Aşgabatda Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkeziniň düýbi tutuldy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezi, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezi, 670 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi, Ahal welaýatynda Baş dermanhana birleşiginiň döwrebap ammary we 120 orunlyk Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezi dabaraly açyldy.

2015-nji ýylda umumy bahasy 544,1 million amerikan dollary we 53,3 million manat bolan 6 saglyk binasynyň hem-de 1 ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy boýunça işler alnyp baryldy.

Pudak boýunça döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 108 göterim,  ýerine ýetirilen hyzmatlardan we ýerlenen önümlerden gelen girdejiler 110 göterim, derman önümçiligi 138 göterim, gyzyl pulda alnan girdejiniň möçberi 103,5 göterim köpeldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň