Soňky habarlar

Arhiw

2015-nji ýylda Türkmenistanda 56 sany täze bilim-terbiýeçilik edarasy ulanylmaga berildi

01:3810.01.2016
0
2049

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Türkmen döwletiniň Baştutanyna  hasabat berlişi ýaly, Türkmenistan boýunça bilim-terbiýeçilik edaralarynyň 56-synyň ulanmaga berildi.

2015-nji ýylda okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň 193-si neşir edildi. Däp bolşy ýaly, 1-nji synp okuwçylarynyň ählisi şahsy kompýuterler bilen mugt üpjün edildi.

Mundan başga-da, geçen ýyl politehniki we neşirýat orta hünär okuw mekdepleri döredildi, ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 8-si açyldy.

Zehinli mekdep okuwçylary halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, 45 altyn, 50 kümüş, 38 bürünç medala eýe boldular.

Dünýäniň iri ylmy merkezleri, halkara guramalary we gaznalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp baryldy. Şunda ýurdumyzda ylym ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça işler dowam etdirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň