Soňky habarlar

Arhiw

Senagatyň pudaklary boýunça ösüş 100 göterimden ýokary

18:4109.01.2016
0
2664

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Türkmen döwletiniň Baştutanyna “Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Karary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi. Hasabatda milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň esasy görkezijileri barada hasabat bermek bilen, bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada aýdyldy. Türkmenistanyň Senagat ministrligi boýunça 2015-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 120,2 göterime, onuň ösüş depgini bolsa  112,4 göterme şol sanda magdan däl serişdeleri öndürmekde  ýokary görkezijiler gazanylyp, ösüş depgini 126 göterime, sementiň önümçiliginde ösüş depgini, 104,4 göterime, demir-beton gurnamalary öndürmekde ösüş depgini 104,2 göterime, keramzit önümçiliginiň ösüş depgini bolsa 118,2 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe önüm öndürmegiň meýilnamasy 110 göterim ýerine ýetirildi. Şunda, ösüş depgini 104 göterime deň boldy.  Aýratyn-da, nah ýüplükleriň, matalaryň önümçilik meýilnamasy 102 göterime, onuň ösüş depgini bolsa 107,4 göterime barabar boldy. Taýýar örme we tikin önümleriniň öndürilişi boýunça 109,5 göterim, ýüpek matalaryň öndürilişi boýunça 100 göterim, aýakgap we gön önümleriniň önümçiligi boýunça 100,1 göterim ösüş depgini gazanyldy. Dokma önümlerini ýerlemekden alnan girdeji 1 milliard 305,1 million manada deň boldy.

“Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça 2015-nji ýylda 42 müň 860  inedördül metr  haly önümleri dokaldy. Şunda, bu önümçiligiň ösüş depgini 100,5 göterime deň boldy. Hasabat döwründe umumy öndürilen önümleriň möçberleri boýunça meýilnama 107,6 göterim ýerine ýetirildi. Şunlukda, ösüş depgini 106,1 göterime barabar boldy.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 2015-nji ýylda meýilnama 111,1 göterim ýerine ýetirildi. Önümçiligiň jemi ösüş depgini 184,3 göterime deň boldy. Mineral dökünleriň öndürilişi boýunça 175,2 göterim, natriý sulfatynyň öndürilişi boýunça 109 göterim, tehniki ýoduň we tehniki uglerodyň öndürilişi boýunça degişlilikde 100,8 göterim we 107,7 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça 2015-nji ýylyň meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 170,3 göterime deň boldy. Hususan-da, tutulan balyk boýunça 168,5 göterim, balyk we gaýtadan işlenilip gaplanylan balyk önümleri boýunça 140,5 göterim  ösüş depgini gazanyldy.

“Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlarynyň önümçiligi boýunça kärhanany döretmegiň döwlet maksatnamasy hakyndaky” Karary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler barada hem aýdylmak bilen, Türkmenistana daşary döwletlerden getirilýän elektron we elektrotehniki enjamlaryň önümçiligi boýunça öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalara esaslanýan kiçi ugurdaş kärhanalary döretmek bilen baglanyşykly wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen birnäçe guramalary we kärhanalary esaslandyrmak hakynda hasabat berildi. Türkmenistanyň Senagat ministrliginde ýerli hususy kärhanalar we daşary ýurtly kompaniýalar bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň