Soňky habarlar

Arhiw

Nebit we gaz çykarmakda maksatnama üstünlikli ýerine ýetirilýär

17:4209.01.2016
0
5654

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Türkmen döwletiniň Baştutanyna 2015-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň barşy barada hasabat berildi.

Geçen ýyl  bilen deňeşdirilende nebit we gaz kondensatyny çykarmagyň ösüş depgini 105,2 göterime, buraw işleriniň ösüş depgini 124,4 göterime deň boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmek baradaky meýilnama 145,6 göterim ýerine ýetirildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, awtoulag benzininiň, dizel ýangyjynyň, polipropileniň, çalgy ýaglarynyň, suwuklandyrylan gazyň we beýleki nebithimiýa önümleriniň önümçiliginiň tehniki-ykdysady görkezijileri, şeýle hem kärhanalarda, edaralarda, guramalarda we ýaşaýyş toplumlarynda gaz hasaplaýjy enjamlaryny oturtmak boýunça alnyp barlan işler hakynda hasabat berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň