Soňky habarlar

Arhiw

2016-njy ýyl üçin welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda bäsleşik yglan edildi

15:5809.01.2016
0
3428

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan önümçilikleriň döredilmegini höweslendirmek hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak maksady bilen,  welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda 2016-njy ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşik yglan edildi.

Şeýle hem resminama bilen 2016-njy ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanyp, ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemek boýunça Topar döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy. Topar welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda yglan edilen bäsleşikde ilki bilen her welaýatda iň ýokary netijeleri gazanan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri, olaryň arasyndan bolsa Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etraby ýa-da etrap hukukly şäheri kesgitlemäge borçly edildi.

Yglan edilen bäsleşikde Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrabyň ýa-da etrap hukukly şäheriň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň