Turkmenportal logo
09.03.24
1092910929
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Golliwudyň iň köp hak tölenýän aktýorlary agzaldy
Surat: mir24.tv

Golliwudda 2023-nji ýylyň jemleri boýunça iň köp hak tölenýän aktýor Adam Sendler boldy, ol geçen ýylda 73 million dollar girdeji gazandy.


Ikinji orunda aktrisa Margo Robbi ýerleşdi, onuň girdejisi geçen ýyl 59 million dollara deň boldy, aktrisa girdejileriniň esasy bölegini «Barbi», «Asteroidler şäheri» we «Soltbern» filmlerindäki keşpleri üçin gazandy.


Golliwudyň iň köp girdejili aktýorlarynyň ilkinji üçlügini Tom Kruz jemledi, ol 45 million dollar girdeji toplady. Ol 35 million dollary «Işi ýerine ýetirip bolanok: Ölüm howply haklaşyk» atly filmdäki keşbi üçin gazandy diýip, «Forbes» neşirine salgylanýan «MIR 24» habar berýär.