Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Nebitgaz ministrligi döredildi

13:3009.01.2016
0
5658

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna degişli edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Nebitgaz ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Nebitgaz ministrliginiň garamagyndaky “Türkmennebitönümleri” baş müdirligini Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň garamagyna bellenen tertipde bermek bellenildi.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň Nebit we gaz instituty we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň Ylmy-barlag geologiýa-gözleg instituty goşulyp, olaryň binýadynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty döredildi. 

“Türkmengaz” döwlet konserni Ylmy-barlag tebigy gaz instituty hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny taýýarlamaga we bellenen tertipde tassyklamaga borçly edildi.

Türkmenistanyň Nebitgaz ministrligine, “Türkmengaz” döwlet konsernine we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň