Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň saýlanan Premýer-ministrini gutlady

01:2005.03.2024
0
11971

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Mian Muhammad Şahbaz Şarife Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

– Siziň Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetine ýolbaşçylyk etmegiňizde ýurduňyzyň syýasy, durmuş-ykdysady ulgamlarda ösjekdigine, şeýle hem halkara giňişliginde at-abraýyny has-da ýokarlandyrjakdygyna berk ynanýaryn. Biz dostlukly türkmen-pakistan gatnaşyklaryna ýokary baha bermek bilen, olary mundan beýläk-de ösdürmek babatda degişli işleri dowam etdireris – diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow, mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Pakistan Yslam Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň