Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmentelekomyň" täze internet hyzmatlary

16:0604.01.2016
0
6659

"Türkmentelekom" döwlet aragatnaşyk kärhanasy 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, täze internet hyzmatlaryny hödürledi. Şol hyzmatlaryň biri arzan bahadan çäksiz internet hyzmatydyr. Bu hyzmaty birikdiren müşderiler her aýda 10 manat müşderi tölegini töläp, aýyň bütin dowamynda internetiň 1 megebaýtyny 6 teňňeden peýdalanyp biler.

Çäksiz internet hyzmatynda öňki tölegleriň üstüne az mukdarda töleg goşulmak bilen, tizlik 2 essä çenli artdyryldy. "Türkmentelekomyň" internet saýtynda habar berlişi ýaly, müşderiler indi tizligi 256 Kbit/s bolan internet hyzmatyndan aýda 190 manat, 512 Kbit/s tizlikli interneti 456 manat, 1024 Kbit/s bolan interneti 950 manat töleg bilen peýdalanyp bilerler. Çäksiz internet hyzmatyndan ozaldan peýdalanyp gelýän müşderilere-de ýeňillikler döredildi. Olar indi ozalky ulanýan internet hyzmatyny 2 esse ýokary tizlikde ulanyp biler. Has takygy, çäksiz interneti ozaldan ulanyp ýören müşderiler şu ýylyň ilkinji minutlaryndan başlap:

tizligi 128 Kbit/s-dan 256 Kbit/s-a çenli bolan interneti aýlyk 135 manatdan;

tizligi 256 Kbit/s-dan 512 Kbit/s-a çenli bolan interneti aýlyk 335 manatdan; 

tizligi 512 Kbit/s-dan 1024 Kbit/s-a çenli bolan interneti aýlyk 780 manatdan peýdalanyp bilerler. Bu tölegleriň 1-nji marta çenli dowam etjekdigini hem ýatladýarys. Şol günden soňra:

tizligi 128 Kbit/s-dan 256 Kbit/s-a çenli bolan internetiň aýlyk bahasy 150 manada;

tizligi 256 Kbit/s-dan 512 Kbit/s-a çenli bolan internetiň aýlyk bahasy 375 manada; 

tizligi 512 Kbit/s-dan 1024 Kbit/s-a çenli bolan internetiň aýlyk bahasy 780 manada barabar bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň