Soňky habarlar

Arhiw

Baş drama tearynda "Gülki agşamy" geçirildi

21:5003.01.2016
0
4563

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli, Türkmenistanyň Baş drama teatrynda "Gülki agşamy" geçirildi. Dabaraly şowhuna tomaşa etmäge baran paýtagtlylar we Aşgabadyň myhmanlary Türkmenistanyň at gazanan artisti Myrat Orazmuhammedowyň gülki sowgatlaryny şowhunly el çarpyşmalary bilen garşyladylar. Agşamyň bütin dowamynda şadyýan gülki sesleriniň yzy üzülmedi. "Gülki agşamynyň" guramaçylarynyň tagallasy bilen, ildeşlerimize ýene bir şadyýan agşam sowgat edildi.

Artistler degişme sahnalarynyň onlarçasyny ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülşat Tahyrowanyň Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmeniň Altyn asyry" baýragynyň eýesi Täçmämmet Amangulyýewiň ýerine ýetiren gülkä ýugrulan gysgajyk sahnalaryny tomaşaçylar minnetdarlyk bilen kabul etdiler. 

"Gülki agşamynyň" jemleýji çykyşy "Gündogar" diýlip atlandyryldy. Bu degişme sahnasy häzirki zaman estrada aýdymlarynyň esasynda döredilipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň