«Türkmendemirýollary» agentligi 2024-nji ýylda Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty arkaly geçýän üstaşyr ýükler üçin arzanlaşyklary yglan etdi.
- Türkmenbaşynyň halkara deňiz portundan türkmen-özbek serhedindäki Farap/Takhiataş serhet nokadyna geçýän şeker çig malyna we künjara 40% arzanladyş.
- Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň üsti bilen Farap/Takhiataş serhedinden daşalýan hususy we kärendesine wagonlara 30%, şeýle hem tükelleýiş parklarynyň wagonlaryna we önümçiligiň beýleki görnüşlerine (çeleklerde daşalýan alýumin we nebit önümlerinden başga) 20% arzanladyş.
- Tranzit ugurlarynda Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty 1 – Ymamnazar, Türkmenbaşynyö halkara deňiz porty 1 – Geçelge 161 ugurlaryndan iki tarapa hem 40% arzanladyş.
- Türkmenbaşynyň halkara deňiz portundan (wagonlaryň eýeçiliginiň görnüşine garamazdan) ähli ugurlarda (Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty 1 – Ymamnazar, Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty 1 – Geçelge 161 ugurlaryndan iki tarapa) ýüklemek we düşürmek amallary ýerine ýetirilende 50% arzanladyş.
Bu barada «Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Merkezi Aziýanyň eksportynyň üstaşyr merkezi hökmünde» diýen tema boýunça guralan onlaýn tertibindäki «tegelek» stol duşuşygynyň barşynda «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekili tarapyndan habar berildi.