Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz şäherinde 3 sany täze ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi

09:4926.12.2015
0
1473

24-nji dekabrda Daşoguz şäheriniň ýaşaýjylary dört gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň birbada üçüsinde jaý toýlaryny tutdylar. Olaryň her biriniň umumy meýdany 3 müň inedördül metrden geçip,  2,5 müňden gowrak inedördül metri  ýaşamak üçin niýetlenendir. Jaýlar demirgazyk welaýatyň dolandyryş merkeziniň tiz ösýän ýaşaýyş toplumy bolan “Nowruz-2” kiçi etrapçasynda bina edildi.

Ýaşaýyş jaýlarynyň her birinde dört we üç otagly öýleriň on altysy göz öňünde tutulypdyr. Olaryň daşky bezeginde häzirki zaman gurluşyk serişdeleri peýdalanyldy. Täze jaýlarda oňaýly ýaşamak üçin hemme zerur amatlyklar döredilipdir, şol sanda merkezleşdirilen suw-ýylylyk hem-de   energiýa üpjünçilik ulgamy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň