Soňky habarlar

Arhiw

Mary etrabynda içimlik suwy öndürýän kärhana işe girizildi

10:2325.12.2015
0
2484

24-nji dekabrda Mary etrabynda bir gije-gündizde 30 müň kub metr içimlik suwy öndürýän kärhana ulanylmaga tabşyryldy.

Jemagat hojalygynyň täze desgasy ýerli hususy gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan döwrebap talaplar nazarda tutulyp bina edildi. Iň täze enjamlar suwuň gatladan alnyp, kärhanalara, Mary hem-de Murgap etraplarynyň ýaşaýyş jaýlaryna eltilmegine çenli tapgyrlaýyn ýokary hilli arassalanylmagynyň doly işini üpjün edýär. Suw arassalaýjy desgada kärhananyň netijeli işlemegi üçin zerur şertler döredildi. Tutuş tehnologik işiň kompýuterleşdirilmeginiň ýokary derejesi kärhananyň aýratynlygydyr.

Aýratyn-da, oba ýerlerinde şunuň ýaly kärhanalaryň gurulmagy “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş meýilnamasynyň” çäklerinde alnyp barylýar. Täze gurluşygyň desgalarynyň toplumyna ibermek üçin suw taýýar edilen göwrümler, sorujy beket, operator gullugynyň hem-de suwuň hiline gözegçilik edýän binalary, iň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen barlaghana girýär. Bu ýerdäki ýokary öndürijilikli enjamlar iň döwrebap talaplara laýyk gelýän tehnologik işiň üznüksizligini üpjün edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň