Arhiw

Aşgabatdaky täze zawodda polietilentereftalatdan gaplaryyň ýylda 200 milliony öndüriler

10:1625.12.2015
0
3777

24-nji dekabrda Aşgabatda polietilentereftalatdan gaplary öndürmek boýunça zawod ulanylmaga tabşyrylyldy.

Önümçiligiň ösüşiniň uly depginini, şol sanda hususy ulgamda artýan depginini nazarda tutup, ýurdumyzyň kärhanalarynyň öz önümleriniň döwrebap gaplanylmagyna islegleri artýar. Bu bolsa oňa has oňat harytlyk görnüşini berýär hem-de ýaramlylygynyň has doly  möhletini üpjün edýär.  Polietilentereftalat howpsuzlygy hem-de oňaýlylygy netijesinde azyk önümlerini, beýleki suwuk we guýma serişdelerini gaplamak üçin giňden peýdalanylýar. Mundan başga-da, özboluşly çyzgylar boýunça işlenilip taýýarlanylan gaplar islendik harydyň ýatda galyjy mahabat serişdesine öwrülýär.         

Täze kärhana gaplaýjy serişdelere artýan islegi kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Ol ýylda gaplaryň 200 million birligini çykarmaga niýetlenendir. Ýokary tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylan önümçilik binalarynda işgärleriň işlemegi üçin hemme şertler döredildi, zerur bolan öňüni alyş-arassaçylyk kadalary berjaý edildi. Şeýle hem bu ýerde edara ediş binasy, ammar hem-de kömekçi hojalyk desgalary göz öňünde tutuldy, desganyň töweregi abadanlaşdyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň