Soňky habarlar

Arhiw

Nurýagdy Rejebow — ýylyň parlak ýyldyzy

09:4425.12.2015
0
11980

24-nji dekabrda Maslahat köşgünde ýaşlaryň “Ýylyň parlak ýyldyzy—2015” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi, oňa teletomaşaçylaryň we radiodiňleýjileriň pikiri boýunça has mynasyp görlenler, şu ada dalaşgärler, Türkmenistanyň tanymal estrada aýdymçylary, saz sungatynyň ussatlary, medeniýet işgärleri, köp sanly adamlar ýygnandylar. 

Indi 7-nji gezek  geçirilýän “Ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşigi her ýylda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guralýar.

Ýaş aýdymçylara “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynda çykyş etmäge mümkinçilik döredildi. Şu döwürde teletomaşaçylar we radiodiňleýjiler  aýdymçylaryň çykyşlary boýunça olaryň zehinine baha berip, SMS arkaly aýdymçylaryň haýsy-da bolsa birine öz seslerini berdiler. Sesleriň  sany boýunça jemleýji tapgyra gatnaşyjylaryň 11-si kesgitlenildi, bu gezek olaryň arasynda ekizler hem çykyş etdiler.

Jemleýji tapgyrda teletomaşaçylaryň we radiodiňleýjileriň beren sesleri  düzüminde türkmen sahna ussatlary, artistler, aýdymçylar, kompozitorlar we saz mugallymlary, şahyrlar bolan bäsleşigiň abraýly emin agzalarynyň pikirleri nazarda tutuldy. Tomaşaçylaryň arasynda öňki ýyllarda şeýle bäsleşiklerde üstün çykanlar hem bar.

Bäsleşigiň şertlerine görä, jemleýji tapgyrda dalaşgärleriň her biri iki aýdymy ýerine ýetirdiler. Aýdymlaryň biri sazsyz ýerine ýetirildi. Şunuň ýaly synag ýaş aýdymçylaryň artistlik ukybyny, märeke bilen gatnaşygy sazlamaga başarnygyny äşgär etmäge mümkinçilik berýär.

Şeýlelikde, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Nurýagdy Rejebow ýeňiji hökmünde yglan edildi we “Ýylyň parlak ýyldyzy” diýen ada mynasyp boldy.

Bäsleşigiň ýeňijisine “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly göçme Kubok we höweslendiriji  baýrak gowşuryldy. Baş baýrakdan başga-da, birinji we ikinji orunlary eýelänler üçin sylaglar göz öňünde tutuldy. Bu orunlary degişlilikde paýtagtymyzyň medeniýet müdirliginiň “Aşgabat” döredijilik toparynyň artisti Züleýha Kakaýewa we Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Ahmet Atajanow eýelediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň