Arhiw

Türkmen türgenleri stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Belarus Respublikasynda geçirilen ýaryşda 4 medala mynasyp boldy

09:4924.12.2015
0
4438

Ýakynda Belarus Respublikasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça halkara ýaryş geçirildi. Onda ildeşlerimiz 2 altyn, 1 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp boldular.

Brest galasyny goran gahrymanlaryň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen stol üstünde oýnalýan tennis boýunça halkara ýaryşy dürli ýurtlardan 100-den gowrak türgeni özünde jemledi. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde 12 ýaşa çenli ýaş toparda Aýlar Nurgeldiýewa ýeňiş gazanmagy başardy. Bu ýaryşda 4 topara bölünen 24 sany kiçi raketkanyň ýaşajyk ussatlary öz aralarynda bäsleşdiler. Her topardan iň güýçli iki türgen ýaryşy dowam etmäge hukuk gazandy. Aýlar hem bu türgenleriň hataryna düşmegi başardy. Ýaryşyň final bölüminde bäsleşikler aýlaw görnüşde geçirildi. Ildeşimiz garşydaşlarynyň hemmesini ýeňmegi başardy. Ýaryşyň gidişinde, ýaryşyň guramaçylarynyň pikiri boýunça, altyn medala baş dalaşgär Belarus Respublikasynyň ýygyndy toparyndan Darýa Wasilenko bilen duşuşykda A.Nurgeldiýewa 0:2 hasabynda utulyp barýardy, ýöne öz oýnuna käbir düzedişleri girizmek bilen, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aman Seýidowyň we Irina Permanowanyň şägirdi duşuşygy 3:2 hasabynda öz peýdasyna tamamlamagy başardy.

Türkmen tennisçi gyzynyň ýurdumyzyň çäginden daşarda geçirilýän ýaryşlara ilkinji gezek gatnaşýandygyna garamazdan, şeýle uly üstünlik gazanmagy, Aýlaryň tälimçileriniň pikiriçe, şu ýylyň tomsunda Latwiýada geçirilen okuw-türgenleşik işleriniň netijesi bolup durýar. A.Nurgeldiýewa tennisçiler maşgalasynyň wekilidir. Ol stol üstünde oýnalýan tennis boýunça Türkmenistanyň ilkinji at gazanan tälimçisi Aýlar Seýidowanyň agtygydyr.

2001-2003-nji ýylda doglan türgenleriň arasynda çykyş eden Mariýa Plotko toparymyza ýene bir altyn medal getirdi. Bu ýaş toparynda hormat münberiniň üçünji basgançagyna aşgabatly türgen Wilena Malsewa galmagy başardy.

M.Plotko 18 ýaşa çenli ýetginjekler toparynda altyn medal ugrunda aýgytly bäsleşige çykdy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Rustam we liliýa Ahmedowlaryň şägirdi final duşuşygynda belarusyň ýygyndy toparynyň türgeninden ýeňlip, kümüş medala mynasyp boldy.

Kiçi tennisiň ýaşajyk ussatlary gyş paslynda 2016-njy ýylyň martynda geçiriljek ýurdumyzyň birinjiligi ugrundaky ýaryşa taýýarlyk görerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň