“Gündogar—Günbatar” gaz geçirijisi işe girizildi

15:3023.12.2015
0
10971

23-nji dekabrda Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň iri gaz känlerini bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdiren “Gündogar—Günbatar” gaz geçirijiniň açylyş  dabarasyna gatnaşdy.

Täze gaz geçiriji  Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz gysyjy stansiýasyndan Hazarýaka sebitindäki “Belek”  gaz gysyjy stansiýasyna çenli çekildi. Bu ägirt uly maýa goýum taslamasynyň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, diwersifikasiýalaşdyrmak, eksport kuwwatyny artdyrmak, şol sanda dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini doly möçberde ulanmagyň hasabyna artdyrmak babatda öňde goýlan wezipeleri çözmäge ýardam eder.

Milletiň Lideri bu ýerde eden çykyşynda bu gaz geçirijiniň uzynlygynyň 800 kilometre golaýlaýandygyny, onuň  ýyllyk kuwwatynyň  30 milliard kub metr tebigy gazy ibermäge niýetlenendigini belledi. Şunda taslamanyň bahasy 2 milliard 500 million amerikan dollaryndan hem geçýär. Gazgeçiriji ýerli kärhanalaryň öz güýji bile gurlandyr.

Bu gaz geçirijisiniň gurluşygy 2010-njy ýylyň maý aýynda başlandy. “Türkmengaz”  döwlet konserni bu desganyň buýurjysy, “Türkmennebitgazgurluşyk”  döwlet konserni bolsa potratçysy bolup çykyş etdi. Gaz geçirijisiniň ulgam böleginiň taslamasy “Türkmengaz”  döwlet konserniniň Nebit we gaz instituty tarapyndan taýýarlanyldy.

Täze gaz geçirijisi öz gözbaşyny Mary welaýatyndan alýar. Şol ýerde Döwletabat, Malaý, Ýaşlar ýaly iri gaz ýataklary şeýle hem gorlary boýunça dünýä ähmiýetine eýe bolan “Galkynyş” käni ýerleşýär. Soňra ol Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäginden geçýär.

Işleriň depginlerini has-da güýçlendirmek maksady bilen, gurluşykçylar diametri 1420 millimetre barabar bolan turbalary çekmek hem-de olary kebşirlemek işlerini garşylyklaýyn ugurlarda birbada dokuz bölekde –  “Şatlyk-Tejen”, “Tejen-Kaka” we “Kaka-Aşgabat” ugurlarynda, “Aşgabat-Baharly”, “Baharly-Arçman-Bamy” hem-de “Bamy-Serdar” ugurlarynda, “Serdar-Bereket”, “Bereket—Gumdag” we “Gumdag—Belek” ugurlarynda alyp bardylar. Şonuň bilen birlikde, ulgamlaýyn armaturalar ornaşdyryldy, izolýasiýa işleri geçirildi, elektrohimiýa gorag ulgamlary gurnaldy we beýleki işler ýerine ýetirildi.

Bu ýerde ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň dünýäde meşhur önüm öndürijileriniň — “Komatsu”, “Caterpillar”, “Hundai” we beýleki kompaniýalarynyň ýöriteleşdirilen tehnikalarynyň — turba goýujylarynyň, eskawatorlarynyň, buldozerleriniň, ýük daşaýan awtoulaglarynyň ýüzlerçesi işledildi. Gaz geçirijisini gurmak üçin zerur bolan turbalar (umumy agramy 500 müň tonna) Ukrainadan, Eýrandan, dykyn we kadalaşdyryjy enjamlar (730-dan gowrak) Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň zawodlaryndan, turba geçirijini arassalaýan we barlaýan enjamlary goýberiş hem-de kabul ediş kamerasy Germaniýanyň “RMA Kehl GMBH&Co. KG”  kompaniýasyndan, “Şatlyk” gaz gysyjy desgasy üçin gaztrubina gazgysyjylar “Dresser Rand”  fransuz kompaniýasyndan getirildi.

Gurluşygyň barşynda çylşyrymly ýerlerden – çöllük, daglyk we batgalyk ýerlerden geçmek, şeýle hem turbalaryň ýerasty suwlaryndan goralmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly wezipeleri çözmeli boldy. Gaz geçirijisiniň ugry gür ilatly suwarylýan ekerançylyk zolagyndan, suw böwetlerinden, köpsanly senagat, ulag, inžener-tehniki desgalardan-Garagum derýasyndan, Tejen derýasyndan, Howuzhan zeýkeşinden, suwaryş we zeýkeş akabalardan, şol sanda Garagumuň merkezinde ýerleşen “Altyn Asyr”  Türkmen kölüniň akabalaryndan geçýär. Gaz geçirijisi jemi  suw akabalarynyň 204-sini, demir ýollaryň 8-sini we awtomobil ýollaryň 35-sini kesip geçýär. “Döwletabat—Derýalyk”, “Şatlyk—Abadan”, “Bamy—Serdar”, “Orta Aziýa—Merkez”  ýaly hereket edýän gaz geçirijileri bilen bentler guruldy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň