Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşy şäherinde nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän toplum ulanylmaga berildi

00:5323.12.2015
0
8733

22-nji dekabrda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän, kuwwaty ýylda 3 million tonna çig nebiti gaýtadan işlemäge ukyply bolan ELDAD-HT-7 desgasy hem-de umumyzawod hojalyk desgalary açylyp, ulanmaga berildi.  

Dabara gatnaşanlaryň arasynda daşary ýurt kompaniýalarynyň: ELDAD-HT-7 desgasyny gurmak üçin TNGIZT  hem-de umumyzawod hojalygynyň desgalarynda işleriň baş potratçysy — «Petro Gas LLP»

britan firmasy bilen şertnama baglaşan “Alliance Engineering and Construction B.V.” niderland firmasynyň wekilleri hem boldy.

Dabaranyň barşynda “Alliance Engineering and Construction B.V.”  kompaniýasynyň ýolbaşçysy Konstantin Basýuk hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu möhüm taslamany amala aşyrmaga gatnaşmaga bildiren ynamy üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi. Gaýtadan işleýän kuwwatlyklaryň durnukly artmagyny hem-de bäsdeşlige ukyply önümleriň çykarylmagyny üpjün edýän uly möçberli döwlet maýa goýumlary  TNGIZT-niň harytlyk nebit önümleriniň mukdarynda we görnüşlerinde esasy höweslendirmeler bolup durýandygyny bellemek bilen, niderland kompaniýasynyň ýolbaşçysy TNGIZT-de amala aşyrylan taslamanyň türkmen hyzmatdaşlary bilen uzakmöhletleýin we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýardam berjekdigine umyt edýändigini belledi.

ELDAD-HT-7 desgasy gurlanda, innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy,     inženerçilik merkezleriniň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary, abzallary hem-de kuwwatly gurallary bilen üpjün edilmegi desganyň ygtybarly işlemegini hem-de TNGIZT-niň nebiti ilkinji gezek gaýtadan işlemegini ekologik taýdan arassa we galyndysyz önümçiligiň has ýokary derejesine çykarmagyna mümkinçilik berer.

Dabara gatnaşyjylar desganyň merkezi dolandyryş bölümine baryp gördüler. Amala aşyrylan taslama boýunça ol  ELDAD-HT-2, 6 we 7 desgalary üçin umumy dolandyryş bölümi bolup hyzmat eder. Desgalaryň çig maly gaýtadan işlemek boýunça umumy kuwwaty goýberiş enjamyny işe girizmek bilen, bir ýylda 7,5 million tonna deň bolar.

ELDAD-HT-7 desgasynyň merkezi dolandyryş bölüminiň iki gatly binasynda tehnologik işleri awtomatlaşdyrmak hem-de nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän desgalaryň üçüsiniň tehniki ölçeglerine gözegçilik edýän elektron enjamlar jemlenipdir. Maglumat tehnologiýalarynyň bolmagy netijesinde desgalary dolandyrmagyň paýlaýjy ulgamlary elektrik üpjünçiliginde hem-de maksatlaýyn ulanyşda özbaşdak işleýär.

ELDAD-HT-7 desgasynyň merkezi dolandyryş bölüminde nebiti gaýtadan işlemek üçin gelip gowuşýan hem-de taýýar nebit önümleriniň çykýan mukdaryny ölçeýän ulgama elýeterliligi programmalaýyn üpjün edýän inženerçilik beket oturdyldy. Şeýle hem bu ýerde programmalaýyn ätiýaçlandyryjysy bolan näsazlyga garşy goraýyş ulgamy oturdyldy. Ol adatdan daşary ýagdaýlarda senagat desgasynyň kepillikli goragyny üpjün eder, şol sanda kondensirleýji-sowadyş we beýleki enjamlaryň poslamagynyň öňüni alar.     

ELDAD-HT-7 desgasynda Goturdepede we Ekeremde çykarylan, 1-nji göwrüm parkyndan turbageçiriji boýunça ugradylýan nebitiň garyndysy gaýtadan işlener. Täze önümçiligiň taslama kuwwaty nebiti ilkinji gezek gaýtadan işleýän iri zawod bilen barabardyr. Bu ýerde çig mal goşundylary hem-de harytlyk nebit önümleri hökmünde benzinler, kerosinler, dizel ýangyjy, mazut işlenip çykarylar. Ýeňil we agyr benzinler izomerleýji we katalitik riforming desgalarynda ekologik taýdan arassa ýokary oktanly benzinleri öndürmek üçin gönükdiriler. Tehnologik taýdan arassalamak arkaly kerosinlerden we solýarka garyndysyndan TS-1 uçar ýangyjyny hem-de gidrousul bilen arassalanan dizel ýangyjyny — ýokary goşulan bahaly önümi alarlar. Mazut daşarky we içerki bazarlarda taýýar önüm, şeýle hem mazudy gaýtadan işleýän wakuum, katalitik kreking we haýal kokslaýjy desgalary üçin sarp edilýän material hökmünde ýerlenilýär. Ol benzinleriň, suwuklandyrylan gazlaryň, çalgy ýaglarynyň, bitumlaryň, kokslaryň hem-de beýleki açyk we nebithimiýa önümleriniň möçberini artdyrmak maksadynda ulanylýar.

Goýberiş desgasynda ELDAD-HT-6 we ELDAD-HT-7 desgalary üçin dizel ýangyjyny we kerosinleri arassalaýan bir bitewi bölüm bina edildi. Onuň gurulmagy senagat çäginiň netijeli ulanylmagy hem-de daşky gurşawy goramagyň talaplary bilen şertlendirilendir. “Ýaşyl tehnologiýalar” nukdaýnazaryndan, desgada aýlawly suw, enjamlaryň howa arkaly sowadyş ulgamlary oturdyldy, ýer üstünden nebit üçin, harytlyk-çig mal we gaýtadan işlenýän önümler üçin estakada turba geçirijileri çekildi.

Senagat desgalary gurlanda tebigaty goramak nukdaýnazaryndan çemeleşme  TNGIZT-niň önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmegiň, milli Liderimiz  Gurbanguly Berdimuhamedowyň deňiz ýakasynyň tebigy baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak boýunça ekologik konsepsiýasyna birkemsiz eýermegiň ileri tutulýan şerti bolup durýar. Nebiti gaýtadan işleýjiler öňdebaryjy serişde tygşytlaýjy we ekologik taýdan synagdan geçen tehnologiýalary ulanmak bilen , häzir nebithimiýa önümleriniň onlarça görnüşini çykarýarlar. Olaryň hatarynda ýokary oktanly benzinler, uçar ýangyjy, tehniki we yşyklandyryş kerosinler, suwuklandyrylan gazlar, çalgy ýaglarynyň dürli görnüşleri, gidrousul  arkaly arassalanan dizel ýangyjy, elektrod koksy, külkelenen polipropilen, sintetiki önümler hem-de ýurdumyzyň sarp edijileriniň we daşary ýurtlarda uly islege eýe bolan beýleki harytlar bar.

ELDAD-HT-7 desgasy işe girizilenden soň, dabaralar umumyzawod hojalyk meýdançasynda dowam etdi. Umumyzawod hojalygynyň düzümine öndürijiligi sagatda 60 tonna deň bolan bug gazan, kuwwaty sagatda 16500 kub metre barabar bolan gysylan howany işläp çykarýan beket hem-de kuwwaty sagatda 1 müň kub metre barabar bolan gaz görnüşli we kuwwaty sagatda 100 kub metre barabar bolan suwuk azot öndürýän beket girdi.

Işe girizilen täze önümçilik kuwwatlyklary möçberi bir ýylda 10 million tonnadan gowrak nebiti gaýtadan işlemek kepili bilen önümleriň geljegi uly görnüşlerini öndürmek mümkinçiligini ep-esli artdyrar. Hili gowulandyrylan nebit önümleriniň üznüksiz çykarylmagy nebithimiýa harytlarynyň dünýä bazarynda TNGIZT-niň eksport ornuny berkitmegiň we giňeltmegiň hemişelik hereket edýän şerti bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň