Şu gün futbol boýunça Ýokary liganyň iň soňky tapgyrynyň duşuşyklary geçirilýär

11:5922.12.2015
0
2009

«Hazyna» — HTTU

Şu gün Türkmenistanyň 23-nji Milli futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda iň soňky — jemleýji tapgyryň duşuşyklary geçiriler. Çempion we kümüş medalyň eýeleri mundan öňki tapgyrda kesgitlenen hem bolsa, käbir orunlar iň soňky tapgyra çenli belli bolman gelýär. Şolaryň biri hem 6-njy orundyr.

Ýaryş tertibinden hem görnüşi ýaly, Ýokary liganyň 23-nji möwsümini 6-njy orunda tamamlamak üçin iki sany talyplar toparynyň arasynda ýiti göreş dowam edýär. Olaryň özara geçirjek şu günki duşuşygy bolsa haýsynyň çempionaty 6-njy orunda tamamlajakdygyny görkezer.

Edil häzirlikçe, HTTU «Hazynadan» bir ädim öňde. Ýöne bu günki duşuşygyň «Hazynanyň» meýdanynda geçiriljekdigini ýatlatsak, HTTU üçin bur artykmaçlyk ýeterlik bolup bilmejekdigi öz-özünden düşnükli. Biz möwsümiň dowamynda «Hazynanyň» öz meýdanynda güýçli garşydaşlara mynasyp garşylyk görkezip, hastda ýeňip hem bilýändigini birnäçe ýola gördük. Her näme-de bolsa, HTTU-nyň we «Hazynanyň» janköýerlerine Ýokary liganyň soňky tapgyrynda hem gyzykly duşuşyk garaşýar.

«Merw» — «Balkan»

Çempionatyň kümüş medalçysy «Balkan» soňky tapgyrda «Merwiň» myhmany bolar. Elbetde, bu duşuşygyň «Balkan» üçin uly bir ähmiýetio ýok, Ýöne «Merw» ýeňiş gazanan ýagdaýynda Ýokary liganyň 23-nji möwsümini 7-nji orunda tamamlap biler. Çempionatymyzyň iň baýry toparlarynyň biriniň möwsümi 8-nji orunda tamamlamagy, dogrudan-da, gowy netije däl. Şonuň üçin «Merwiň» futbolçylary meýdanda 90 minutlap diňe ýeňiş üçin göreş alyp bararlarmyka diýýäris. Onsoň hem şu möwsümde «Merw» öz meýdanynda «Balkany» ýeňip bilýändigini görkezdi.

«Şagadam» — «Aşgabat»

Tapgyryň iň esasy duşuşygy. Arada ýatan sepgtit bolsa 3-nji orun. Hawa, şu duşuşygyň ýeňijisi 23-nji çempionatymyzy 3-nji orunda tamamlap biler. Ýaryş tertibinde, häzirlikçe, «Şagadam» bürünç medala bir ädim ýakyn. Ýer eýelerini deňlik hem kanagatlandyryp biler. «Aşgabada» bolsa diňe ýeňiş gerek.

«Ahal» — «Daşoguz»

Tapgyryň ähmiýeti juda bir uly bolmadyk duşuşyklarynyň ýene-de biri. Çünki «Ahalyň» hem, «Daşoguzyň» hem ýaryş tertibindäki orny eýýäm belli. Şeýle-de bolsa, geçen tapgyrda tehniki ýeňliş berlen «Ahal» topary bu gezek myhmanlaryny gollar bilen «sylaglasa» gerek. Üstesine, geçen aýlawda «Daşoguz» öz meýdanynda AFK-nyň Kubogyna gatnaşan topary ýeňlişe-de sezewar edipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň