Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatly ýaş suratkeşler Halkara guşlar güni mynasybetli sergä gatnaşmaga taýýarlanýar

16:3312.02.2024
0
22986

Şu günler Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň sergi zalynda Döwlet muzeýi tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň zehin başarnygyny açyp görkezmek maksady bilen, mekdep okuwçylarynyň arasynda muzeýiniň ekspozisiýasynda görkezilýän guşlaryň suratyny çekmekleri üçin guralýan çäresi mynasybetli sungat mekdepleriniň okuwçylary myhmançylykda bolýar. Bu museum.gov.tm tarapyndan habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýaş suratkeşler Halkara guşlar güni mynasybetli geçiriljek sergä taýýarlyk görýärler. Muzeýiň suratkeşleri okuwçylara ussatlyk sapaklaryny geçirýärler we ýaş suratkeşlere öz isleglerine görä ekspozisiýadaky guşlaryň suratyny çekip, soňra bu suratlaryň «Guşlar tebigatyň bezegi» atly sergide görkezilmegine mümkinçilik gazanýarlar.

Häzirki wagtda muzeýiň ekspozisiýasynda Türkmenistanyň çäklerinde duş gelýän guşlaryň 120 görnüşi sergilenen. Her ýylyň 1-nji aprelinde bütin dünýäde guşlaryň Halkara güni bellenilýär. Bu baýramçylyk ornitofaunanyň ýeriň ýüzünden ýitip gitmezligi üçin adamlaryň arasynda terbiýeçilik, wagyz işleri geçirilip, degişli meseleleriň çözülýän baýramçylygydyr.

Her ýylyň 2-nji fewralynda bolsa Suw-batkalyk ýerleriň Bütindünýä güni belenilýär. Türkmenistan 2009-njy ýylda Ramsar konwensiýasyna goşuldy. Bu konwensiýa boýunça suw-batgalyk guşlaryň goramgynda uly ähmiýete eýedir.

Bu baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi Aşgabat şäheriniň sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň çeken suratlarynyň sergisini guramagy meýilleşdirýär.

Ýaş suratkeşler öz işlerini dürli tehnikada hödürläp görkezerler. Iň gowy çekilen suratlary Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak jemgyýeti we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar bilen höweslendiriler diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň