Türkmen žurnalistleri Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldular

14:0419.12.2015
0
6537

Ýakynda Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda boldular. Bu sapar gadymy we döwrebap hytaý medeniýeti we Žurnalistleriň Ählihytaý assosiasiýasynyň alyp barýan işleri bilen tanyşmagy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça tejribe alyşmagy maksat edindi.

         Türkmen žurnalistleriniň hytaý halkynyň medeniýeti, asyrlaryň jümmüşinden gelýän edim-gylymlary bilen tanyşlygy Pekiniň Gyzyl teatryna baryp görmekden başlandy. Bu teatryň hazynasyny, esasan, kunfu söweş sungaty bilen baglanyşykly sahna eserleri tutýar. Şeýle bolansoň, daşary ýurtly syýahatçylar bu ýere gelip görmäge uly isleg bildirýärler. Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bu ýerde «Kunfu rowaýaty» atly sahna eserine tomaşa etdiler. Gadymy rowaýata esaslanýan bu eser kunfu söweş sungatynyň aýratynlyklaryny öz içine alýar.

         Türkmenistanly žurnalistler Hytaýyň Milli uniwersitetiniň professory, ömrüni türki halklaryň taryhyny, medeniýetini öwrenmäge bagyşlan alym Hu Çženhuanyň öýüne hem myhman boldular. Alymyň iş otagy kiçiräk kitaphanany ýadyňa salýar. Münder-münder kitaplaryň arasynda Türkmenistanyň taryhyna, türkmen diline bagyşlanan kitaplary görmek has ýakymly. Alymyň iş otagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynda berlen dürli ýadygärlik sowgatlar hem görnükli edilip ýerleşdirilipdir. Olaryň arasynda türkmen halyçalary we tahýalary hem bar.

         Professor türkmenistanly žurnalistler bilen türkmen dilinde söhbetdeş boldy. Ol Türkmenistana ilkinji gezek 1992-nji ýylda gelip görendigini, şondan bäri geçen 25 ýyla golaý wagtyň içinde Türkmenistanyň hem, onuň paýtagty Aşgabadyň hem uly özgerişliklere eýe bolandygyny aýtmak bilen, biziň ýurdumyzda iň soňky gezek mundan bir aý çemesi ozal bolandygyny dile getirdi. Geçen ýyllaryň içinde alym Hytaýyň metbugat sahypalarynda türkmen halkynyň milli medeniýeti, esasan hem, türkmen bedewi, halysy hakynda köp sanly makalalar bilen çykyş edipdir. Alym HHR-iň uniwersitetleriniň birinde türkmen diliniň öwredilýändigini buýsanç bilen belledi. Iki sagat çemesi dowam eden söhbetdeşlikde taryhdan şu güne çenli türkmen we hytaý halklaryny ýakynlaşdyrýan aýratynlyklar beýanyny tapdy.

         Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri şol gün Žurnalistleriň Ählihytaý assosiasiýasynyň baş sekretary Çu Şouçen bilen hem duşuşdylar. Assosiasiýanyň merkezi edarasynda geçirilen duşuşykda jenap Çu hytaýly žurnalistleriň alyp barýan işleri hakynda giňişleýin gürrüň berdi. Onuň maglumat berşi ýaly, HHR-iň uniwersitetleriniň birnäçesinde žurnalistika hünäri boýunça ýaşlara bilim berilýär. Ýokary okuw mekdebini tamamlan ýaş hünärmenler assosiasiýa ýörite synag arkaly kabul edilýär. Hytaýly žurnalistleriň ählisi diýen ýaly bu assosiasiýanyň agzalarydyr. Assosiasiýa her ýylyň ahyrynda iň gowy işlän žurnalistleri höweslendirip durýar.

         Duşuşygyň barşynda žurnalistika, umuman, köpçülikleýin habar beriş ulgamynda tejribeleri alyşmak barada teklipleriň birnäçesi orta atyldy.

         Ikitaraplaýyn gatnaşyklar türkmen žurnalistleriniň HHR-iň Daşary işler ministrliginiň habarlar we neşirýat bölüminiň hünärmenleri bilen geçiren duşuşygynda hem öz beýanyny tapdy. Bütin Ýer ýüzünde, şol sanda Hytaýda hem barha gülleýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyklaryň gerimini giňeltmäge isleg uly. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bolsa şunda esasy orun tutmalydyr.

         Türkmenistanly žurnalistler Hytaýyň paýtagtynda bolmagyň çäklerinde gadymy medeniýetleriň mekanlarynyň birnäçesine, şol sanda ýerli ilat tarapyndan «Gadagan şäher» diýlip atlandyrylýan köşkler toplumyna hem baryp gördüler. Bu toplum dünýäde şeýle maksatly toplumlaryň iň ulusy bolmak bilen, ol 178 akr meýdany eýeleýär. Bu ýere her ýylda 15 milliondan gowrak  jahankeşdäniň gelmegi hem toplumyň täsinliklerine güwä geçýär. Bu toplumda imperatorlaryň 24 nesli ýaşap geçipdir. Bu gün dünýäniň iň uly muzeýleriniň birine öwrülen toplum XV asyrda 14 ýylyň dowamynda gurlupdyr.

         Türkmenistanly žurnalistleriň HHR-na sapary Sindao şäherinde dowam etdi. XIX asyryň ahyrlarynda düýbi tutulan bu şäher bu gün dünýäniň iň meşhur syýahatçylyk merkezleriniň biridir. Öz ilaty 9 million töweregi bolan şähere her ýyl, esasan hem, tomus möwsüminde syýahatçylaryň millionlarçasy gelýär. Türkmen wekiliýeti bu ýerde şäher bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldy. Gürrüň berişlerine görä, bu ýerde ýerleşen balykçylar obasy 130 ýyla golaý wagt mundan ozal şäherleşdirilip başlanypdyr.

         Sindao — Hytaýyň ykdysady taýdan iň möhüm merkezleriniň biri. Çünki bu ýerde önümçilik köpugurlydyr. «Açyk şäher» diýlip yglan edilen bu künjek yklymlaryň arasynda deňiz ýoly bilen hem, gury ýeriň üsti bilen hem giň söwda gatnaşygyny ýola goýmak üçin amatlydyr. Häzirki wagtda Sindao dünýäniň 200-den gowrak şäheri bilen ykdysady hyzmatdaşlykdadyr.

         Şu ýylyň iýun aýynda Sindaodan Ýewropa sary ilkinji söwda otlusy ugradyldy. Bu otlynyň ýoly Merkezi Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň üstünden hem geçýär. «Eger-de ilkinji otlymyzyň işi şowly bolsa, taraplaryň ählisi üçin hem bähbitli bolan şeýle otlulary hepde-de iki gezek ugratmaga mümkinçiligimiz bar» diýip, bu ýerde gürrüň berdiler.

         Türkmen žurnalistleri şäher bilen tanyşlygyň barşynda Ýelkenli sport boýunça olimpiýa merkezine hem baryp gördüler. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde 2008-nji ýylda geçirilen Pekin Olimpiadasynyň ýelkenli sport görnüşleri boýunça ýaryşlar gurnaldy. Merkeze baranyňda, şol günlerden galan ýadygärliklere bada-bat gözüň kaklyşýar. Olimpiýa alawynyň özboluşly binagärlik şekili merkeze ýakyn meýdançada häzir hem saklanylýar. Merkezde häzir hem sportuň ýelkenli görnüşleri boýunça türgenleşikler dowam edýär. Şol sanda bu ýere gelen syýahatçylar ýelkenli gämilerde Sary deňziň giňişliklerine seýran etmäge hem mümkinçilik alýarlar.

         Bu ýerdäki gezelenjiň barşynda türkmen žurnalistleri Awazada hem şeýle döwrebap merkeziň emele gelýändigini, geçen ýylda bolsa Hazaryň türkmen kenarynda windsörfing boýunça dünýä çempionatynyň bir tapgyrynyň geçirilendigini gürrüň berdiler.

         Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Sindao şäheriniň telewideniýesine hem baryp gördüler. Şäheriň telemerkezi 1949-njy ýylda esaslandyrylypdyr. Häzirki wagtda şäherde tele we radioýaýlymlaryň her haýsyndan altysy ýaýlyma goýberilýär. Radioýaýlymlar arkaly şäheriň gündelik durmuşy bilen baglanyşykly gepleşikler diňleýjilere ýetirilse, teleýaýlymlaryň her haýsy bir ugra gönükdirilendir. Olaryň biri, esasan, habar bermäge niýetlenilip, bu ýerde habarlary tomaşaçylara iň tiz ýagdaýda ýetirmek üçin zerur bolan ähli mümkinçilikler döredilipdir. Mundan başga-da, şäherde durmuşy gepleşikleri taýýarlaýan, filmelere ýöriteleşdirilen, dynç alyş maksatly, şäher barada gürrüň berýän, ýaşlar we syýahatçylyk maksatly teleýaýlymlar hereket edýär. Şäherdäki telewizýon diň 200 kilometr aralyga gepleşiklere ýokary hilde ýetirmäge ukyplydyr. Şol sanda şäherde ulgamlaýyn görkeziliş hem ýola goýlupdyr. Şäherde 2,5 million maşgala kabel telewideniýesiniň hyzmatyndan peýdalanýar. Şäheriň ilatyna we myhmanlaryna telelýaýlymalara ykjam telefon arkaly tomaşa etmäge hem mümkinçilik döredilipdir.

         Bu ýerde geçirilen duşuşykda türkmenistanly žurnalistler türkmen telewideniýesi we radiosy hakynda gürrüň berdiler. Olaryň «Türkmenistan» teleýaýlymynda gepleşikleriň hytaý dilinde hem eşitdirilýändigi barada aýdanlary duşuşyga gatnaşyjylarda ýakymly täsir döretdi.

         Türkmen žurnalistleri Sindao şäherinde bolmagynyň çäklerinde şäheriň jaý ulanyş müdirligi tarapyndan ýörite maksatnama bilen tanyş boldular. Bu maksatnama şäheriň ýaşuly ýaşaýjylaryna niýetlenip, olaryň wagtyny hoş geçirmegine hyzmat edýär. Maksatnama görä, müdirlik tarapyndan ýörite gurnaklar döredilip, olarda ýaşuly ýaşaýjylar sungatyň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar. Bu ýerde olaryň wagtal-wagtlal dabaraly konsertleriniň hem geçirilýändigini gürrüň berdiler.

         Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň HHR-e sapary Laoşan daglaryna gezelenç bilen tamamlandy. Goja daglaryň deňiz bilen birleşip gidýän bu ajaýyp künjegi  Sindaonyň myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülipdir. Hut şu daglaryň goýnunda-da hytaý halkynyň geçmişiniň uly bölegi ýatyr. Dag bilen deňziň serhedinden uzap gidýän ýol gadymy ybadathana eltýär. Şu ýerde köşk-ybadathanalaryň 9-synyň, kiçi ybadathanalaryň 80 töwereginiň bardygyny gürrüň berdiler. Bu gün özboluşly muzeýi emele getiren toplumda hytaý halkynyň geçmişinde yz galdyran taryhy şahsyýetler barada hem baý maglumatlar bar.

         Bir söz bilen aýdylanda, türkmen žurnalistleriniň HHR-na bu gezekki sapary iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň bir parçasyna öwrülmek bilen, birek-birekden öwrenmek, tejribe alyşmak babatda hem ähmiýetli boldy. Tamamlanyp barýan Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly şeýle ähmiýetli wakalara baýdygy bilen hem kalplarymyzda mydamalyk orun tutar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň