Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen telekeçileriniň täze binalary açylyp, ulanylmaga berilýär

14:0019.12.2015
0
2110

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 18-nji dekabrda geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, şu günler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli täze binalar açylyp, ulanylmaga berler.

Şol desgalaryň sanawyna Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda gurlan ýylda 100 tonna et we 20 müň tonna süýt önümlerini öndürýän maldarçylyk toplumy, ýylda 100 tonna et öndürjek mal semrediş hojalygy,   Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýylda 50 tonna önüm öndürmäge niýetlenen gök we miwe önümleri ýetişdirilýän ýyladyşhanalaryň ikisi, ýurdumyzyň hususy öndürijileri hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň saklanýan merkezi ýylda 3 müň tonna şokolad önümlerini öndürýän durky täzelenen we göwrümi giňeldilen kärhana girýär.

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýylda 70 müň kub metr kuwwatlylygy bolan çagyl we ýuwlan çagyl öndürýän zawod, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde sygymlylygy 500 tonna bolan miwe, gök we bakja önümlerini saklamaga niýetlenen sowadyjy ammar, Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynda kuwwaty ýylda 1 million gaba barabar bolan gök we miwe önümlerini gaplaýjy kärhana, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde umumy meýdany 1500 inedördül metr bolan döwrebap söwda-senagat merkezi, Aşgabatda bolsa kuwwatlylygy ýylda 200 million gap öndürýän zawod bina edildi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň