Malaýziýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

01:2119.12.2015
0
3105

18-nji dekabrda Malaýziýanyň paýtagtynda iki ýurduň hökümetleriniň arasyndaky ylalaşyklara laýyklykda guralan Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Foruma gatnaşmak üçin Kuala-Lumpura uly düzümdäki wekiliýet geldi, oňa medeniýet we sungat işgärleri, meşhur artistler, opera aýdymçylary, estrada ýerine ýetirijileri, bagşylar, sazandalar, tans toparlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri girdiler. 

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy Kuala-Lumpur şäheriniň Dabaralar merkezinde boldy. Dabara Malaýziýanyň Syýahatçylyk we medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasynyň, daşary ýurtlaryň Malaýziýada işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we beýleki resmi adamlar hem-de bu ýurduň döredijilik intelligensiýasynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynda çykyş edenler medeni alyşmalaryň döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biridigini   nygtap, türkmen we malaýziýa halklarynyň ýakynlaşmagyna, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, netijeli hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine saldamly goşant goşjak bu medeni çäräniň ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti şu günki dabaranyň bezegine öwrüldi. Konsertiň maksatnamasy milli aýdym-saz mirasynyň, türkmen opera we estrada eserleriniň esasynda düzüldi. Agşam ýurdumyzyň tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde “Türkmen güneşiniň nurundan salam” atly edebi - aýdym-saz kompozisiýasy bilen açyldy. Bu kompozisiýa mahalynda Türkmenistan baradaky wideofilm görkezildi.

Biziň bagşylarymyzyň çykyşy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Tomaşaçylar meşhur “Meleguş” atly türkmen aýdymynyň ýerine ýetirilmegini şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Konsertiň maksatnamasyna folklor aýdym-sazly çykyşlar hem girizildi. Gadymy “Küştdepdi” tansy hem-de “Mukam” skripkaçylar toparynyň ajaýyp çykyşy myhmanlary haýran galdyrdy. Dabara gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan ýerine ýetirilen “Watan üçin, ýurt üçin” diýen aýdym bu baýramçylygyň özboluşly jemine öwrüldi.  

Merkeziň eýwanynda amaly-haşam sungatynyň hem-de Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň  gymmatlyklarynyň sergisi guraldy. Onda  malaýziýaly dostlarymyza türkmen halkynyň baý we özboluşly medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredildi. Köp öwüşginli sergide ajaýyp haly we zergärçilik önümleri, milli lybaslar we beýleki zatlar görkezildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekilleriniň Malaýziýanyň Syýahatçylyk we medeniýet ministrliginde bolan duşuşygynda medeniýet ulgamynda türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri  ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň