Soňky habarlar

Arhiw

Birleşen Ştatlar Türkmenistanda mobil tehnologiýalaryň we elektron hyzmatlaryň işjeňleşmegine ýardam berýär

18:0117.12.2015
0
4481

Şu gün ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID), Türkmenistanyň Ylymlarakademiýasy bilen hyzmatdaşlykda maglumat aragatnaşyk tehnologiýalary (MAT) çӓginde halkara derejesinde gazanylan öňdebaryjy tejribeleri we innowasiýalary bilen Türkmenistanyň döwlet işgärlerini tanyşdyrmak maksady bilen iki günlik okuw maslahatyny geçirmegi başlady.

Bu okuw maslahaty durnukly ykdysady ösüşi ýola goýmakda döwletiň öňünde goýan wezipelerini we maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin döwlet işgärlere zerur bolan ukyplary ösdürmäge ýardam berer. Gatnaşyjylar netijeli döwlet dolandyryşynda MAT-yň tutýan ornuny şeýle hem, jemgyýetçilik hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde mobil tehnologiýalarynyň ösüşini we şeýle hem durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmak üçin elektron resminamalar dolanşygynyň ösüşini öwrenerler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň direktory, tehniki ylymlarynyň doktory, professor Gurbannyýazow Muhammedöwez Aşyrowiç we USAID-iň Türkmenistandaky direktory Kristofer Miller Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde geçirilýän bu okuw maslahatyny açdylar. Estoniýanyň Elektron hökümeti akademiýasynyň wekilleri bolan öňdebaryjy halkara bilermenleri Arwo Ott we Hannes Astok Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň wekillerinden, şol sanda Ykdysadyýet we ösüş ministrliginden, Daşary işler ministrliginden, Ylymlar akademiýasyndan, Aragatnaşyk ministrliginden we beýlekilerden ybarat bolan, otuzdan gowrak gatnaşyjylar bilen öz bilimlerini we tejribelerini paýlaşarlar.

Bu okuw maslahaty geljekki öňdebaryjy bilermenler bilen öndürijilikli gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürýär. Bu okuw maslahaty amerikan halkynyň adyndan USAID arkaly Türkmenistanda amala aşyrylýan köpsanly çäreleriniň biridir. 1992-nji ýyldan bäri, USAID Türkmenistanda ykdysady ösüşi, durmuş ulgamyny we jemgyýet başlangyçlaryny goldamak üçin takmynan 100 million amerikan dollaryna barabar serişde bilen üpjün etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň