Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow ABŞ-nyň Ýaponiýadaky ilçisi Ram Emanuel bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem «Merkezi Aziýa + ABŞ» görnüşindäki dialogyň netijeliligini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Tokidoaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda ilçi A.Baýramow Türkmenistanyň ABŞ bilen ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän konstruktiw hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardygyny tassyklady.
Mundan başga-da, taraplar 2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Nýu-Ýorkda (ABŞ) Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen sammitiň sebit howpsuzlygy, söwda we aragatnaşyk, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly birnäçe meseleri ara alyp maslahatlaşmak üçin gowy pursat bolandygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, bu mehanizmiň ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, howpsuzlygy we Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmek üçin täsirli sebit platformasy hökmünde özüni görkezendigi bellenildi.
Taraplar ykdysady we energetiki hyzmatdaşlygy giňeltmek, howanyň üýtgemegine, şeýle hem häzirki döwrüň kynçylyklaryna we wehimlerine garşy durmak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny tassykladylar.