Soňky habarlar

Arhiw

«Syýahat» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

23:1816.12.2015
0
3889

Ýakynda Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetine degişli “Syýahat” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Üç dilde neşir edilen žurnalyň nobatdaky sany “Ýaşulular maslahaty: däp-dessurlaryň parasatlylygy — täzeçillikleriň energiýasy” atly makala bilen açylýar. Žurnal  Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyny ösdürmek mümkinçiligi we myhmansöýerligi bilen daşary ýurtlulary giňden tanyşdyran, ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşynda guralan syýahatçylyk forumlary baradaky reportažlara okyjylaryň ünsini çekýär. Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň wekiliýetiniň Özbegistanyň paýtagty Daşkentde we Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda bolan halkara sergi-ýarmarkalara gatnaşandygy baradaky maglumatlar muňa degişlidir.

Makalalaryň arasynda “Daşoguz—GDA-nyň 2016-njy ýylda medeni paýtagtydyr” atly makala hem bar. “Arkalaşygyň medeni paýtagtlary” atly döwletara maksatnama, her ýyl paýtagt däl ýurtlarda döredijilik çeşmeleriniň ýygnanmagyna we emele gelen berk taryhy medeni gatnaşyklara esaslanýan, täsirli we köp öwüşginli medeni we gumanitar çäreleri döretmegi üpjün edýär. Hut şu sebäpli hem, häzirki döwürde  Arkalaşyga girýän Garaşsyz döwletleriň özboluşly medeni gatnaşyklary işjeň dowam etdirilýär.

Žurnalyň täze sanynda mundan 20 ýyl ozal esaslandyrylan, ýurdumyzyň ilkinji hususy syýahatçylyk firmalarynyň biri bolan “Haryt-syýahat” syýahatçylyk kompaniýasynyň işi hakynda gürrüň berilýär. Makalada bu kärhana tarapyndan Türkmenistanyň ähli künjeklerinde daşary ýurtly syýahatçylar üçin döredilýän hyzmatlaryň giň toplumy barada gürrüň berilýär.

“Gyzyljaryň gum öwrümleri”  atly makala ýurdumyzdaky iň gyzykly syýahatçylyk ýollary barada gürrüňi dowam edýär.

 “Syýahat” žurnalynyň ýörite goýberilişi tutuşlygyna  "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna bagyşlanypdyr. “20015-nji ýyl—Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly. Syýahatçylyk diplomatiýasy Türkmenistanyň “Açyk gapylar” syýasatynyň möhüm ugrudyr” atly baş makalada Hazar deňziniň kenar ýakasynda döredilen halkara derejesindäki ýaş deňiz şypahanasynyň ähli desgalary we täze binalary, onuň mundan beýläk hem ösdürilmeginiň geljegi barada giňişleýin syn berlipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň