Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe bagyşlanan konserte gatnaşdy

10:3015.12.2015
0
3497

14-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirilen dabaralara gatnaşdy.  

Bu ýerde geçirilen baýramçylyk konserti “Ak kepderi!” edebi-çeper çykyş bilen açyldy. Şeýle hem konsertde belli türkmen kompozitorlarynyň eserleri we halk aýdymlary ýaňlandy. Konserte gatnaşyjylaryň hemmesiniň bilelikde ýerine ýetiren “Nebitgazly Watanym” aýdymy dabaranyň ajaýyp täsirli jemlemesi boldy.

Konsert tamamlanandan soň, ýaş türkmenistanlylar döwlet Baştutanyna gül desselerini gowşurdylar.

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk mynasybetli egindeşlerinden gutlaglary hem kabul etdi. Soňra döwlet Baştutany ýurtda bellenilýän uly dabaralar hem-de iri desgalaryň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli berlen toý sadakasyna gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň