Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ilçisi Pakistanda däp bolan «Apelsin festiwalyna» gatnaşdy

16:1330.01.2024
0
20242

Pakistanyň Penjab welaýatynyň taryhy Taksila şäherinde ýerleşen «Zaildar House» binasynda her ýylda däp bolşy ýaly «Orange festivali» geçirildi. Çäre bilelikde Yslamabatda akkreditirlenen diplomatik korpusynyň we harby attaşeleriniň duaýenleriniň edaralary hem-de «Elaan Research Centre» merkeziniň wise-başlygy Zaildar Ahsan Shahyň ýakyndan gatnaşmagynda guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, çärä Pakistanyň Senatynyň başlygynyň orunbasary Mirza Mohammad Afridi, Pakistanyň wagtlaýyn Hökümetiniň agzalary, Yslamabatda akkretitirlelen daşary ýurtly ilçihanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hem-de medeniýet we jemgyýetçilik işgärleri, biznesmenleri gatnaşdylar.

Pakistanyň Senatynyň başlygynyň orunbasary gatnaşyjylara ýüzlenip medeniýet diplomatiýasynyň bu ýurduň baý taryhy mirasyny halkara arenasynda tanatmakda wajyp orun eýeleýändigini belläp geçdi.

Öz nobatynda diplomatik korpusynyň Duaýeni, Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi А.Мöwlamow, bu geçirilýän çäräniň daşary ýurtly diplomatlaryň Pakistanyň medeniýeti we taryhy bilen has ýakyn tanyşmaga hem-de dünýäniň ähli halklaryň arasynda özara düşünşmegiň berkidelmeginiň täsirli usuly bolýandygyny belläp geçdi.

Festiwala gelenler Pakistanyň baý medeniýeti we däpleri bilen ýakyndan tanyş bolmaga mümkinçilik döredenleri üçin onuň guraýjylaryna minnetdarlygyny bildirdiler. Daşary ýurtly myhmanlar ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerine berýän interwýularynda Pakistan bilen medeni we syýahatçylyk gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň