Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşkende Türkmenistanyň ilçihanasy 2023-nji ýylyň netijeleri boýunça brifing geçirdi

16:2425.01.2024
0
30656

Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasy 2023-nji ýylyň netijeleri we 2024-nji ýylyň şygary — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli brifing gurady. Bu barada türkmen diplomatik gullugynyň metbugat beýanatynda habar berildi.

Çärä Daşary işler ministrliginiň, Özbegistan Respublikasynda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň, döredijilik we ylmy, metbugat wekilleri we talyplar gatnaşdy.

Brifingde içerki we daşary syýasatda möhüm wakalar bilen tapawutlanan Türkmenistanyň soňky 2023-nji ýylda gazanan üstünlikleri görkezildi. Duşuşykda iki ýylyň sepgidinde çap edilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby barada hem giňişleýin söhbet edildi.

Mundan başga-da, çäräniň dowamynda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Şu ýyl milli we halkara derejede Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilip geçiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň